Pyragynyň toýy — dünýäniň toýy çünki türkmeniň bu beýik şahyr ogly dünýä halklarynyň kalplaryna barýan ýoly tapan akyldardyr

22 Oktýabr 2024
329

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 11-nji oktýabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Oňa dünýä döwletleriniň ençemesiniň Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Hökümet agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Bu waka, hormatly Prezidentimiziň şol forumdaky Çykyşynda: «Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi» diýip belleýşi ýaly, hakykatdan hem jemgyýetçilik-syýasy, medeni-ykdysady we ylmy ähmiýeti juda uly bolan baýramçylyk hökmünde taryha girdi.

Hemmämiziň şaýat bolmagymyzda, häzirki wagtda akyldar şahyryň ömür we döredijilik ýoluny çuňňur öwrenmek boýunça ýurdumyzda abyrsyz işler amala aşyrylýar. Şol işler abraýly halkara guramalardyr dünýä ýurtlary tarapyndan hem goldanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň: «Magtymgulynyň baý mazmunly beýik mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi. Onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolýar» diýen sözleri forumdaky dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň we ýokary derejeli wekilleriň çykyşlarynda-da nygtaldy. Aýratyn-da, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Liderine Magtymgulynyň parasatly taglymlaryna eýerip, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy gorap saklamaga, köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşýan saldamly goşantlary üçin aýratyn hoşallyk bildirmegi juda ýakymly boldy. Galyberse-de, Köpetdagyň etegindäki «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň birnäçesiniň heýkelleriniň oturdylmagy, edil şonuň ýaly, daşary ýurtlaryň ençemesinde Magtymguly Pyragynyň heýkelleriniň açylmagy halklaryň arasyndaky dost-doganlyk köprüleriniň has-da pugtalandyrylýandygynyň nyşanlarydyr.

Jemile PÜRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň uly mugallymy.