"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Ýurdumyzyň röwşen geljegi

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, şeýle-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021―2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi bilen, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmaklary üçin has oňaýly şertleri döretmekde düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Ýaş nesli watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe şöhratly geçmişimiz döwrebap dowam etdirilip, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, päk ahlakly, kämil hünärli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar bu gün döwletimiziň jemgyýetçilik, syýasy durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalaryň jümmüşinde bolup, olara işjeň gatnaşýarlar, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň döwrebap bilim almaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri, öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekleri, bäsleşige ukyply, netijeli ylmy işleri alyp barmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyz: «Beýik maksatlarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlarymyza bil baglaýarys» diýip, ýa

Nusgalyk göreldäni goldap

Hormatly Prezidentimiz ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak meselelerini döwlet syýasatynda mydama ileri tutýar. Bu babatda Arkadag Prezidentimiziň görkezýän göreldesi çagalardan başlap, ululara çenli hakyky görelde mekdebidir. Milli Liderimiz il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işiniň daşyndan sport bilen yzygiderli meşgullanýar. Ýurdumyzda bu nusgalyk göreldä giňden eýerilýändigi guwandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň gurduran sport mekdepleri, stadionlar, sport desgalary halkymyza, ilkinji nobatda bolsa ýaşlara hyzmat edýär. Biz ýaş nesli sporta çekmek ugrunda degişli işleri alyp barýarys. Ýakynda etrabymyzyň bilim ojaklarynda «Şu güne buýsanç, ertire ynam» ady bilen wagyz-nesihat çärelerine badalga berildi. Mekdep okuwçylary bilen geçirilýän duşuşyklarda saglygyň, sagdyn ýaşamagyň ynsan üçin zerurlykdygy, munuň üçin sport bilen yzygiderli meşgullanmalydygy barada giňden söhbet edilýär. Ýaş nesliň ýaramaz endiklerden daşda durmagyny, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak biziň baş wezipämizdir. Bu meseläniň ähmiýeti dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy göreş çäreleriniň giňden alnyp barylýan döwründe has-da artýar. Diňe bedeni berkitmek, sagdynlyk ýörelgesine giňden eýermek bilen, eziz Arkadagymyzyň milletimize bagyş eden beýik döwrüne mynasyp ynsan bolup bolar. Ine, şu mizemez hakykat biziň gündelik alyp barýan işimiziň düýp özenini düzýär.

Bilimler dünýäsiniň açary

Bilimleriň çeşmesi bolan kitaplar ynsanyň hemişelik hemrasydyr. Bu gymmatly baýlygyň halkymyza has elýeterli bolmagy üçin ýurdumyzda uly tagallalar edilýär. Kitaba uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz Türkmenabat şäherinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ähli mümkinçilikleri bolan, ösen tehnologiýaly enjamlar bilen doly üpjün edilen welaýat kitaphanasyny gurduryp berdi. Kitaphanada okyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin giň mümkinçilikler we amatly şertler bar. Bu ýerde zähmet çekmek, okyjylara göreldeli hyzmat etmek uly bagtdyr. Ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ýaşlarda kitaba bolan söýgini döretmek, täze gelen kitaplar bilen şäher, etrap merkezi kitaphanalaryny we olaryň şahamçalaryny üpjün etmek we gysga wagtyň içinde okyjylara gowuşmagyny gazanmak biziň esasy wezipämiz bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2008-nji ýylda açylan «Galkynyş» kitap merkezi bilen ysnyşykly ýola goýlan hyzmatdaşlyk barha ýygjamlaşýar. Bu merkezden bize şu wagta çenli berlen kitaplaryň umumy sany 238894-e ýetdi. Ýylyň dowamynda welaýat kitaphanamyza kitaplaryň ýene-de 9745-si gelip gowuşdy. Täze gelip gowşan neşirleriň arasynda alym Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Ak şäherim Aşgabat», «Garaşsyzlyk — bagtymyz» kitaplarynyň, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy ensiklopedik eseri

Geljege şamçyrag

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin döredilen şertler, mümkinçilikler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak arkaly bilim ulgamyndaky wezipeleriň üstünlikli çözgüde eýe bolandygy aýratyn guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynyň öňünde goýýan esasy wezipeleri durmuş babatda işjeň we ýokary ahlak düşünjeli, döwrebap bilimli, halal, zähmete hyjuwly nesli kemala getirmek bolup durýar. Şanly ýylyň içinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, gözel paýtagtymyzda döwrüň ýokary talabyny ödeýän, dünýäniň iň täze tehniki enjamlaryna eýe bolan bilim edaralarynyň onlarçasynyň döredilmegi, gurulmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki türkmen jemgyýetini durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy hem-de ruhy-ahlak taýdan ösdürmek, özgertmek bilim ulgamynda milli mugallymçylyk däpleriniň we dünýä ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagynda gazanylýan üstünliklere gönüden-göni bagly bolup durýar. Şu esasda mukdar we hil babatda ýurdumyzyň bilim ulgamynda uly öňegidişlikler gazanyldy. Okuwçylaryň we talyplaryň okamaga, öwrenmäge bolan şertleri, mümkinçilikleri has-da artdyryldy. Bilim ulgamynyň maddy enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, okatmagyň täze tehnologiýalar arkaly baýlaşdyrylmagy, usulyýetiň kämilleşdirilmegi, sanly bilim ulg

Tebigaty goramaga işjeň gatnaşýan bilim edaralary yglan edildi

Ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tebigaty goramak babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. 29-30-njy noýabrda Aşgabat şäheriniň 89-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep», «Bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde görelde görkezýän bilim edaralaryny ýüze çykarmakdan, olaryň iş tejribesini ýaýratmakdan, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işlere ýaş nesli işjeň çekmekden, olarda tebigata söýgi döretmekden, ekologiýa medeniýetini kemala getirmekden ybaratdyr. Bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň şertlerine görä, mekdepleriň we çagalar baglarynyň arasynda degişli işleriň alnyp barlyşyna, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine, miweli, saýaly baglaryň, bezeg we gülli ösümlikleriň ösdürilip ýetişdirilişine, ideg edilişine, bilim we hyzmat ediş işgärleri bilen daşky gurşawy goramak boýunça işleriň, baglara ideg etmegiň ýola goýluşyna baha berlip, bilim edarasynda döredilen «Tebigat» burçunyň bezelişi, ata-eneler bilen mekde

Görüm-görelde we terbiýe

Halkymyz edepli perzent ýetişdiren ene-atany yhlasy ýerine düşen, bagtly maşgala hasap edýär. Edepli perzentleri terbiýeläp ýetişdirmek ene-atadan irginsiz zähmeti, akyldyr paýhasy, sabyrdyr kanagaty talap edýär. Perzent — her bir maşgalanyň baş arzuwy. Perzent — her bir ojagyň mähir ýylysy, durmuşyň dowamy, ýürekleriň örki, göwünleriň görki. Eken bagyň hasylynyň onuň idegine bagly bolşy ýaly, perzentler hem görkezen edep-terbiýäňden özüne geregini alyp, kemala gelýär. Edep başyny zähmet terbiýesinde görýän halkymyz ýaş nesilleri ýaşlykdan zähmete uýgunlaşdyrmagy ilkinji borjy hasap edýär. «Çagany ýaşdan» diýen aýtgynyň manysy olaryň terbiýesine irgözinden, ýaşlykdan başlamagy, ýaş wagty aňa guýlan terbiýäniň bütin ömre hemra bolýandygyny aňladýar. Çagalar gören zadyny ýatda saklamaga diýseň ukyply bolýarlar. Olar iň ownuk wakalary hem ýatda saklap bilýärler. Hut şonuň üçin hem çagalaryň ýanynda diňe gowy sözleri aýdyp, hoşamaý gatnaşyk bilen edep-terbiýeli, birek-birege sylanyşykly hereketleri edip, ýagşy görüm-görelde görkezmeli. Adamyň düşünjesi öz özenini çagalykdan alyp gaýdýar. Ýaşalan ömür bolsa öz hasabyny wagtdan alýar. Öz hökümini ýöredip, ähli zady ýerli-ýerinde, nobatma-nobat goýýan wagtyň çäginden çykýan zat ýok. Şeýle gymmatly wagt atly hazynany biz geljegimiz bolan çagalarymyzyň edep-terbiýeli, ylymly-bilimli bolmagyna harçlasak şol zähmetimiziň tüýs ýerine düşd

Halkymyzyň terbiýeçilik mekdebi

Türkmen halky hemişe çaga terbiýesine diýseň uly ähmiýet beripdir. Her bir çaganyň ukybyna, başarnygyna laýyklykda terbiýeçilik işini alyp barypdyrlar. Hemmämize mälim bolşy ýaly, her bir çaga bir zada ukyply bolýar. Pähimdar pederlerimiz, ene-mamalarymyz çagalaryň özlerini alyp baryşlaryny içgin öwrenip, ukyplaryny, başarnyklaryny göz öňünde tutup, olary şoňa laýyk hünäre gönükdiripdirler. Gahryman Arkadagymyz geljegimiz bolan ýaş nesilleriň terbiýesine, olara bilim bermek işlerine aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 1-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada geçen umumy okuw sapagynda şeýle belledi: «Men «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabymda: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belläpdim. Biz toplanan ylym-bilim tejribämiziň esasynda XXI asyrda durnukly ösüşi üpjün edýäris». Türkmen halkynyň akyl hazynasynyň esasy bölegi, terbiýeçilik tejribesi asyrlaryň dowamynda döredilen nakyllardyr atalar sözlerinde, nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde jemlenendir. Ähli zady durmuş terezisinde ölçemegi başaran pederlerimiz adamyň gepine-sözüne, hereketine, oturyp-turşuna seredip, onuň akylyna, terbiýe derejesine göz ýetiripdir. Atalarymyzyň döreden «Söýenişen ýykylmaz», «El eli ýuwa

Eziz Diýar — ba­gy-bos­san

Ýa­kyn­da paý­tag­ty­myz­da­ky da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 89-njy or­ta mek­dep­de we 128-nji ça­ga­lar bak­ja-ba­gyn­da ýur­du­my­zyň or­ta mek­dep­le­ri­niň we ça­ga­lar bag­la­ry­nyň ara­syn­da yg­lan edi­len «Ba­gy-bos­san­ly­ga, gül­zar­ly­ga bes­le­nen iň go­wy mek­dep», şeý­le-de «Ba­gy-bos­san­ly­ga, gül­zar­ly­ga bes­le­nen iň go­wy ça­ga­lar ba­gy» at­ly bäs­le­şi­giň jem­leý­ji tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Oňa bäs­le­şi­giň we­la­ýat we Aş­ga­bat şä­her tap­gyr­la­ryn­da 1-2-3-nji orun­la­ra my­na­syp bo­lan or­ta mek­dep­ler we ça­ga­lar bag­la­ry gat­naş­dy­lar. Bil­şi­miz ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şo­nuň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­en bu bäsleşik daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re ýaş nes­li iş­jeň gat­naş­dyr­mak­da we gö­zel te­bi­ga­ty­my­za bo­lan söý­gi­ni dö­ret­mek­de, şo­nuň ýa­ly-da olar­da eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­ni ke­ma­la ge­tir­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Bäs­le­şik­de bi­lim eda­ra­la­ryn­da ba­gy-bos­san­ly­ga de­giş­li iş­le­riň ýo­la goý­lu­şy, ola­ryň daş-tö­we­re­gin­de, oýun meý­dan­ça­la­ryn­da aras­sa­çy­lyk ka­da­la­ry­nyň ber­jaý edi­li­şi, ösüm­lik­le­riň we gül­le­riň ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­li­şi hem-de ola­ra ideg edi­li­şi, şeý­le-de daş­ky gur

San­ly bi­li­miň giň müm­kin­çi­lik­le­ri

Diýarymyzda bilim ulgamynyň ösüşini ýokarlandyrmak we ulgamda alnyp barylýan işleri döwrebaplaşdyrmak üçin sanly bilim ulgamy birkemsiz we bökdençsiz amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda: «Bilim ulgamy bähbitler bilen her bir raýatyň bähbidiniň goşulyşmagynyň, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan ösüşiniň depginlerini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolmagynda galýar» diýip, parasatlylyk bilen bellemegi kämil bilimiň we ylmyň döwrebap ösüşleriň binýadydygy baradaky hakykata anyk hem özboluşly many çaýýar. Çünki milli bilim ulgamy durnukly ösüşi üpjün edýän güýç bolup çykyş edýär. Bu babatda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem kabul edilip, onuň durmuşa ornaşdyrylmagy jemgyýetimiziň we döwletimiziň gülläp ösmeginiň bähbidine ykdysadyýete hem-de beýleki ugurlara innowasion serişdeleri çekmäge mümkinçilik berýär. Bu Konsepsiýa maglumat gurşawyny döretmäge hem-de bilim bermegiň ähli başlangyçlaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga hem-de kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Konsepsiýa esasynda ösen döwletlerde ulanylýan täzeçillikleriň, usulyýetleriň milli bilim ulgamyna giňişleýin we netijeli ornaşdyrylmagy, innowasiýalaryň, kompýuter tehnologiýalar

Bi­lim –ösüş­le­riň binýady

Berkarar döwletimiziň röwşen ertirleriniň dowamaty bolan ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň hem-de ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň we netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Diýarymyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, bilimiň ähli basgançaklarynda okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Elbetde, sanly bilim ulgamynyň çäginde bilim ojaklarynyň arasynda guralýan teleköpri arkaly geçirilýän okuwlara aýratyn ornuň degişlidigini bellemek gerek. Teleköpri arkaly geçirilýän okuwlar, bir tarapdan ýaşlara ýurdumyzyň beýleki bilim ojaklarynda zähmet çekýän tejribeli mugallymlaryň geçýän sapaklaryny öz bilim ojagynyň çäginden çykman özleşdirmegine mümkinçilik berýän bolsa, ikinji tarapdan, ol mugallymlara özara tejribe alyşmaga-da giň mümkinçilik berýär. Maglumatlaryň sanly ulgama geçilýän döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklarynyň arasynda ylmy maglumatlary alyşmagyň toruny emele getirmek, olaryň onlaýn ulgamy arkaly baglanyşdyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Ylym-bi

Kä­mil­lik ýol­la­ry

Käteler pikirlerim garyşyk, ýadaw mahalym kitap okasam, köňlüm rahatlyk tapýar. Endigime görä, men ýene otagdaky kitaply tekjäme tarap eňdim. Haýsysynyň gatyny açyp, täze başdangeçirmelere syýahat etjegim hakda oýlanyp, gözümi bir nokada dikip otyryn. Birden gözüm Maýn Ridiň «Başsyz atly» diýen kitabynda eglendi. Kitaby açan badyma onuň çep burçunda petekesini gaýşardýan horaz ýaly, az-kem saga ýykgyn eden harplara gözüm kaklyşanda ýürege ýakymlylyk aralaşyp, ýylgyranymy-da duýmandyryn. Ondaky «Okuwçym Aýgüle, türkmen dili we edebiýaty mugallymy Maýa Begenjowadan ýadygärlik sowgat. 2015-nji ýyl, maý aýy» diýen ýazgy biygtyýar geçmişiň gursagyny dörüp, süýji ýatlamalaryň gujagyna doldurdy. Mekdebim, ak mekdebim! Ýyllar Günüň öňüni tutýan bulutlar ýaly üstüňi näçe örtjek bolsa-da, aňymda senli ýatlamalaryň şöhlesi ýitelmese, körelmedi. Öýi öý edýäniň zenan, saçagy saçak edýäniň mele-myssyk çörek bolşy ýaly, mekdebi mukaddes ýer edýänem mugallym bolsa gerek. Mugallym okuwçylaryny sülgün jüýjesi deýin mähir ganatynyň astynda penalaýar. Ol çigşirilen çylşyrymlylygy çöşläp, sadalaşdyryp, perzendinden egsik görmeýän okuwçylaryny ylymlardan habardar edip, aňynda bilim binýadynyň ilkinji kerpijini goýýar. Bu işde ol zähmetini, zehinini, ukybyny gaýgyrmaýar. Şeýle gaýduwsyz, öz kärine ýüregi bilen ýapyşan hoşgylaw zenan mugallymlaryň biri-de Maýa Begenjowadyr. Halypa mugallym häzir Aşgab

Şanly sene mynasybetli

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýatymyzdaky orta mekdepleriň birnäçesinde «Açyk gapylar» güni geçirildi. Şonuň çäginde guralan açyk sapaklar, şeýle-de göreldeli sapaklar bilim işgärleriniň hünär ussatlygyny aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Kaka etrabyndaky 1-nji orta mekdep göreldeli bilim ojaklarynyň biri hasaplanýar. Agzalan mekdepde öz kärine ussat, tejribeli bilim işgärleriniň onlarçasy zähmet çekmek bilen, ýaş nesle döwrüň ruhunda, döwrebap bilim-terbiýe bermekde yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Şeýle bilim işgärleriniň birnäçesiniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden belleniljek Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dürli synplarda guran açyk sapaklary, şeýle-de göreldeli sapaklary täsirliligi bilen tapawutlandy.

Sanly bilimiň mümkinçilikleri

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda aň-düşünjeli nesli terbiýeläp ýetişdirmek, olara döwrebap bilim bermek, hünär öwretmek boýunça giňişleýin işler alnyp barylýar. Şeýle wajyp işleriň barşynda dürli ulgamlarda, bilim ojaklarynda sanly ulgama geçmek işi netijeli häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek bu günki günde innowasion tehnika we programma üpjünçiligi bilen bagly bolup durýar. Ýaşlara bilim bermekde sanly ulgamyň uly ähmiýete eýedigini nazarda tutup, ýörite Konsepsiýa kabul edildi. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy hakynda aýratyn bellemegimiz gerek. Konsepsiýanyň esasy maksady elektron görnüşdäki maglumatlary sanly öwrenijiler arkaly köpçülige ýetirmekden ybaratdyr. Sapaklarda ulanyljak maglumatlar dolanyşygynyň kämilleşdirilmegi bilim pudagynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda — maglumatlar zamanasynda aragatnaşyk we maglumat, bilim ulgamyny baglanyşdyrmakda kompýuter tehnologiýasynyň orny ýokarlanýar. Şunda internetiň we maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçilikleriniň giňişleýin peýdalanylmagy mugallymlaryň we hünärmenleriň wagtlaryny tygşytlamagyna kömek edýär. Hyzmatlaryň gysga wagtyň dowamynda ýerine ýetirilmegi, şeýle hem kagyz görnüşinde ulanylýan maglumatlaryň azalmagy üçin, sanlylaşdyrylan ulgamyň döredýän mümkinçilikleri diýseň uludyr. Şonuň üçin häzirki döwürde ykdysa

Sapakda kitaplardan peýdalanmak

Gahryman Arkadagymyz ajaýyp eserleri, nusgalyk kitaplary halkymyza sowgat edýär. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň bilimlerini artdyrmakda, köptaraplaýyn düşünip, pikirlenip, netije çykaryp bilmek endiklerini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde, olara netijeli bilim bermekde hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary esasy gollanma bolup durýar. Her bir sapak guralanda mugallym iş usullarynyň iň kämilini saýlap alýar. Şunda bilim ulgamyna ornaşdyrylan interaktiw usullar we goşmaça gollanmalar talyp ýaşlara bilim bermekde özüniň oňyn netijesini berýär. Mugallym talyplara geçilýän temany düşündirende, diňe bir derse degişli materiallardan däl, eýsem, bu ders bilen baglanyşykly birnäçe gollanmalardan peýdalanmaly bolýar. Guralýan sapaklarda tema anyk mysallara ýüzlenilip, kitaplara, gazetdir žurnallarda çap edilýän makalalara ýa-da internet maglumatlaryna salgylanyp öwredilse, ýaşlarda gowy täsir galdyrýar.

Temany nakyllar bilen baglanyşdyrmak

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» kitaby ata-babalarymyzyň akyl eleginden geçirip döreden nakyllardyr atalar sözlerini özünde jemleýär. Bu kitapdaky paýhasly sözleri mekdepde öwrenilýän ähli derslerde peýdalanmak bolýar. Şu nukdaýnazardan, türkmen dili dersinden her bir geçilýän temany «Paýhas çeşmesi» kitaby bilen baglanyşdyrmak bolýar. Mekdebiň 5-nji synpynda «Çekimlileriň gysga we uzyn aýdylmagynyň sözüň manysyna edýän täsiri» atly tema öwrenilýär. Şonda okuwçylara «Özüňi süýt bil, dostuňy — gaýmak», «At gylygyna eýesi ýetik» nakyllarynda «bil», «at» sözlerindäki çekimlileriň gysga aýdylýandygyny, «Dil bilen orak orsaň, bil agyrmaz», «Älem içre adam gezmez, at gezer» nakyllarynda bolsa «bi:l», «a:t» sözleriň çekimlileriniň uzyn aýdylýandygyny düşündirmek bolýar. Şunlukda, «bil», «at» sözleriniň çekimlileri gysga aýdylanda bir many, uzyn aýdylanda bolsa başga many aňladýandygyny okuwçylaryň dykgatyna ýetirmeli.

Okuw dersinde guramaçylyk işi

Ýaş nesliň bilimli-ylymly, asylly terbiýeli, ata Watanymyza, halkymyza wepaly bolup ýetişmeklerinde terbiýeçiler we mugallymlar wajyp wezipäni ýerine ýetirýärler. Mugallymyň zähmeti iň bir jogapkärli iş bolmak bilen, ol zähmetiniň miwesini köp ýyllaryň dowamynda görýär. Mugallymlar Watanyň röwşen geljegi bolan ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk döwrebap bilim almaklarynda iş usullarynyň iň kämilini saýlap alýarlar. Islendik ynsanda çagalykdan maşgalada alan terbiýesi berk binýat bolup durýar. Ol onuň daş-töweregindäkiler bilen gatnaşyklarynda, gyzyklanmalarynda, gözýetiminde şöhlelenýär. Şeýlelikde, ýetginjeklik döwrüne çenli olarda belli bir möçberde maglumatlar toplanýar, düşünje emele gelýär, aňy we gözýetimi giňeýär. Köp zatlara, hususan-da hadysalara baha bermek hem-de olar barada pikir ýöretmek başarnygy döreýär. Orta mekdebi tamamlap, belli bir hünäri saýlap alyp, ol ugurdan bilimini artdyrmak-da onuň toplan durmuş tejribesi hünärleri ýeňillik bilen ele almagyna we işlemek usullaryny özleşdirmäge oňaýly täsir edýär.

Halkymyzyň aýdym-saz sungaty

Bagtyýarlyk zamanamyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň bilimde, ylymda, döredijilikde gazanýan üstünlikleri dünýä derejesinde ykrar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen milli aýdym-saz sungatymyz hem ylmy esasda öwrenilýär. Munuň şeýledigine Russiýa Federasiýasynyň Saha Respublikasynyň M.K.Ammosow adyndaky Demirgazyk-gündogar federal uniwersiteti tarapyndan geçirilen «Folklor baradaky ylmyň häzirki zaman çäkleri: tekstleri öwrenmek, rowaýat ýerine ýetirijiligi hem sanly ulgamlaşdyrmak» atly halkara ylmy maslahat-da şaýatlyk edýär. Bu ylmy maslahat onlaýn arkaly geçirilip, onda Türkmenistandan, Russiýadan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan, Özbegistandan, Gazagystandan birnäçe sazandalar, sazşynaslar çykyş etdiler. Olar aýdym-saz sungatynyň wajyp meseleleriniň ençemesiniň üstünde durup geçdiler. Ýerine ýetirilen çykyşlaryň döwrebaplygy, öňde durýan maksatlary aýdyňlaşdyrmak üçin alnyp barylýan usullaryň talabalaýyklygy halkara maslahatyna gatnaşyjylarda gyzyklanma döretdi. Bu halkara ylmy maslahatda ýurdumyzyň milli aýdym-saz sungatynyň käbir aýratynlyklary dogrusynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary, aspirantlary hem doktorantlary çykyş etdiler.

Işjeň usullaryň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň dünýä dillerini çuňňur öwrenmeklerinde ägirt uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu babatda bilim ulgamynyň döwrebaplygyny gazanmak, kämil şahsyýetleri terbiýelemek möhümdir. Ata Watanymyzyň ertiri bolan ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek boýunça uly alada edilýär. Şonuň üçin terbiýeli nesli kemala getirmek mugallymlaryň esasy borjudyr. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 1-nji sentýabrynda geçiren umumy okuw sapagynda: «Durmuşdaky ähli düşünjedir bilimler Watandan başlanýar. Äpet Ýer togalagynyň Ýewraziýa yklymynda ýerleşýän Türkmenistan biziň eziz Watanymyzdyr, ata-babalarymyzdan miras galan we soňky nesillere galjak bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bu nurana topragy söýmek, goramak, gülletmek biziň her birimiz üçin parzdyr. Biziň at-abraýymyz, mertebämiz we derejämiz şu topragyň şöhratyny belende göterip bilşimize baglydyr. Ata Watanymyzyň her daban ýeri biziň iň beýik mukaddesligimizdir» diýip belledi. Mugallymlar okadýan dersleriniň aýratynlygyny nazara alyp, okuwçylara döwrebap bilim we terbiýe bermelidirler. Bu işde okatmagyň netijeli we has işjeň usullaryndan, okuw-görkezme esbaplaryndan, häzirki zaman tehniki serişdelerinden ýerlikli peýdalanmalydyrlar. Häzirki wagtda ylmyň we tehnikanyň ösmegi netijesinde

Dil öwrenmegiň ygtybarly usullary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyz “Açyk gapylar” syýasatyny sazlaşykly durmuşa geçirýär we halkara gatnaşyklarynda görnükli orny eýeleýär. Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna we kabul eden halkara borçlaryna ygrarly bolmak bilen, daşary syýasy gatnaşyklaryny hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň gerimli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine laýyklykda alyp barýar. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň barha işjeňleşmegi dünýä dilleri boýunça kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna bolan talaby güýçlendirýär. Çünki, hemmämize mälim bolşy ýaly, dil dostlugyň we hyzmatdaşlygyň esasy serişdesidir. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmek barha güýçli depgine eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara dünýäniň islendik ýurdunyň iň gowy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga, hünär öwreniş okuwlaryny geçmäge giň mümkinçilikler döredildi. Bu bolsa çagalaryň we ýaşlaryň orta mekdeplerde daşary ýurt dilini öwrenmäge bolan islegini has-da güýçlendirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda iňlis, nemes, hytaý, ýapon, fransuz we rus dillerini öwredýän orta mekdepler bar. Ol mekdepler ýaşlara çagalygyndan höwes eden dilini suwara öwrenmeklerine doly mümkinçilik berýär. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde

Baýramçylyk ruhuna beslenen çäre

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdepde geçirilen «Açyk gapylar» güni baýramçylyk ruhuna beslenip, oňa welaýat Baş bilim müdirliginiň hünärmenleri, şäherdäki orta mekdeplerden öňdebaryjy mugallymlar gatnaşdylar. Türkmen dilinde, şeýle-de birnäçe daşary ýurt dillerinde geçirilen göreldeli açyk sapaklar ýokary guramaçylygy, täsirliligi, okuwçylara döwrebap bilim bermegiň täze gazananlaryny özünde jemleýändigi bilen tapawutlandy. Mekdebiň zehinli okuwçylarynyň taýýarlan taslama işleriniň görkezilişi bolup, olar bilen guralan zehin bäsleşigi myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. «Açyk gapylar» gününiň çäklerinde oňa gatnaşanlar bu ýerde guralan sergileri synladylar. Mekdebiň okuwçylarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary çärä özboluşly öwüşgin çaýdy.