Ýakynda paýtagtymyzdaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 89-njy orta mekdepde we 128-nji çagalar bakja-bagynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň we çagalar baglarynyň arasynda yglan edilen «Bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep», şeýle-de «Bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň welaýat we Aşgabat şäher tapgyrlarynda 1-2-3-nji orunlara mynasyp bolan orta mekdepler we çagalar baglary gatnaşdylar.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň çäklerinde geçirilen bu bäsleşik daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işlere ýaş nesli işjeň gatnaşdyrmakda we gözel tebigatymyza bolan söýgini döretmekde, şonuň ýaly-da olarda ekologiýa medeniýetini kemala getirmekde uly ähmiýete eýe boldy. Bäsleşikde bilim edaralarynda bagy-bossanlyga degişli işleriň ýola goýluşy, olaryň daş-töwereginde, oýun meýdançalarynda arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişi, ösümlikleriň we gülleriň ösdürilip ýetişdirilişi hem-de olara ideg edilişi, şeýle-de daşky gurşawy goramak boýunça geçirilýän çäreleriň suratly albomlary, wideoýazgylary, tanyşdyryş wideoşekilleri görkezildi.