«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» Türkmenistanyň senagatynda nebitgaz toplumynyň paýynyň ýokary bolmagynda galýandygy, onuň önüminiň ýurduň eksportynda ýokary orunlary saklaýandygy aýdylýar. Bu pudagyň ösüşiniň dowam edýändigi we uglewodorodlary gaýtadan işlemäge, täze öňdebaryjy tehnologiýalary we önümçilikleri ornaşdyrmaga, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleriň çykarylyşyny artdyrmaga esasy üns berilýändigi bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahaty muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Maslahatda milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň strategik pudaklarynyň biridigini, onuň işlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň dowam etmelidigini nygtady. Şeýle hem toplumda känleriň önüm berijiligini artdyrmak, bu ugurda alnyp barylýan işleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.