Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eksportyň möçberiniň artmagy, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümleriň bäsdeşlige ukyplylygynyň yzygiderli ýokarlanmagy milli ykdysadyýetimiziň depginli ösýändigini alamatlandyrýar. Bu babatda öndürilýän we eksport edilýän önümleriň standartlaryň talaplaryna laýyk bolmagyny gazanmak iň derwaýys meseledir. Türkmenistanyň eksport ugurlarynyň esasylarynyň biri-de Ýewropa Bileleşigidir. Şu makalada biz Ýewropa Bileleşigine satuwa getirilýän harytlyk önümlere bildirilýän talap kadalaryna garap geçeris.
Soňky döwürde oba hojalyk önümleriniň satuwy yzygiderli giňelýär. Germaniýanyň çäklerinde satylýan organiki önümler Ýewropa Bileleşiginden däl-de, onuň düzümine girmeýän döwletlerden getirilýär. Beýleki döwletlerden import edilýän harytlaryň sanawy indi Ýewropa ýurtlaryna ozallar satyn alnyp getirilen adaty oba hojalyk harytlary (meselem, Ýewropada bitmeýän çaý, kofe we ş.m.) bilen çäklenmeýär. Häzirki döwürde Ýewropanyň bazarlarynda we dükanlarynda satylýan adaty harytlaryň hem köp bölegi daşary ýurtlardan getirilen önümlerdir. Meselem, kakadylan organiki önümler köp möçberde Hytaýdan satyn alynýar. Galla hasyly Ukrainadan getirilýär. Ýerli ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän ýeralma hasyly ýygnalýança, Müsürde bitýän organiki ýeralma lomaýlygyna getirilip, Germaniýanyň «sagdyn iýmit» dükanlarynda ilata ýetirilýär.