Mary welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň Synag barlaghanasynyň ýeňil-dokma senagat we mebel önümlerini synagdan geçiriş bölüminde daşary ýurtlardan getirilýän, şeýle-de öz döwletimizde öndürilýän egin-eşikleriň dürli görnüşleriniň, trikotaž we mebel önümleriniň synaglary talabalaýyk alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şeýle hem standartlaşdyryş ulgamynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Diýarymyzda öndürilýän hem-de daşary döwletlerden getirilýän önümleriň, edilýän işleriň we hyzmatlaryň hiliniň ýokary bolmagyny gazanmak bu ulgamyň esasy wezipeleriniň biridir.