"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Eýran «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesi üçin zerur bolan «Reşt-Astara» demir ýolunyň birinji bölüminiň gurluşygyny tamamlady

«Tasnim» agentligi Eýranyň demir ýolunyň Reşt şäherinden «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň bir bölegi bolan Hazar portuna çenli uzaýan böleginiň 20-nji iýunda ulanylmaga berilýändigini habar berdi. Geljekde ýoluň Hazar portundan Eýranyň demirgazyk-günbataryndaky Astara sebitine çenli uzaýan nobatdaky tapgyryny gurmak meýilleşdirilýär. Ýoluň uzynlygy — 37 km. Gurluşyk üçin takmynan 30 trillion rial ýa-da 630 million ýewro möçberinde karz serişdeleri çekildi. Taslamanyň umumy bahasy — 35 trillion rial ýa-da 730 milliard ýewro.

Energetika ulgamynyň ösüşleri

Elbetde, türkmen jemgyýetinde gazanylýan her bir ösüşler milli kanunçylygyň kämilleşmegi esasynda amala aşyrylýar. Milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işlerde halkara tejribeler içgin öwrenilýär hem-de olaryň iň ygtybarly ugurlary ornaşdyrylýar. Munuň özi täze taryhy eýýamymyzda kanunçylyk ulgamyny döwrebap kämilleşdirmegiň, olary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda baýlaşdyrmagyň döwlet işiniň esasy ugurlarynyň biridigini doly tassyklaýar. Elektrik energetikasy ulgamynda hem döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek we bu ugurda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň esasy maksady ata Watanymyzyň energiýa çeşmelerini tygşytly ulanmakdan, netijeli peýdalanyp, geljekki nesillerimize hem ýetirmekden, şeýle-de ýaşlary energiýa serişdelerinden tygşytly we netijeli peýdalanmak ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr.

Halkymyzyň bähbitlerini nazarlaýar

Ata Watanymyz dünýäde nebit-gaz, elektrik energiýasyny öndürmekde öňdäki orunlarda durýar. Ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasyndan raýatlarymyzyň hiç hili bökdençsiz peýdalanmaklaryny ýola goýmak maksadynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda «Ahal—Balkan» we «Balkan—Daşoguz» ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň we podstansiýalaryň gurluşygy üçin enjamlary, materiallary we tehnikalary satyn almak hem-de telemehanika ulgamlaryny gurnamak barada şertnamalary baglaşmak hakynda Kararynyň kabul edilmegi bilen bu iri göwrümli  bekediň gurluşygyna girişildi.  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň 5-nji iýunynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Daşoguz welaýatyna amala aşyran saparynyň dowamynda Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň işe girizilmegi bilen ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça iri taslama durmuşa geçirildi.

Türkiýeden Türkmenistana awtomobil ätiýaçlyk şaýlarynyň eksporty $9,9 milliona barabar boldy

Türkiýeden Türkmenistana awtomobil ätiýaçlyk şaýlarynyň eksporty 2024-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 9,9 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkiýäniň Söwda ministrligine salgylanyp, “Trend” agentligi duşenbe güni habar berdi. Habara bellenilişi ýaly, diňe şu ýylyň maý aýynda Türkiýe Türkmenistana 2,6 million ABŞ dollaryna barabar bolan awtomobil senagatynyň önümlerini eksport etdi.

Fransiýa A10 we A85 awtoulag ýollarynyň çatrygyndaky ýük awtoulaglarynyň duralgasy döwrebaplaşdyrylýar

Tur (Fransiýa) şäheriniň golaýyndaky A10 we A85 awtoulag ýollarynyň kesişýän ýerindäki ýük awtoulaglarynyň duralgasy döwrebaplaşdyrylýar we giňeldilýär. Bu barada «40ton» hem-de «comcomtvi.fr» portallarynyň maglumatlaryna salgylanýan «Логист.Today» habar berýär. Awtoulag duralgasy 2021-nji ýylda «Center Routier Isoparc» ady bilen guruldy. Dynç alyş meýdançasy dolulygyna elektrik panelleri bilen örtülip, 146 awtoulagy goýmak üçin orunlary üpjün etdi. Şeýle-de bolsa, bu maýa goýum indi «TIP Secure Truck Parking Isoparc Sorigny» diýen adyny üýtgeden «TIP Group» kompaniýasyna geçirildi.

Bilermeniň pikiri: Hytaýdan Russiýa göni demir ýol gatnawy iki esse azaldy

Maý aýyndan bäri Hytaýdan eltip bermek boýunça hyzmat üçin isleg gaýtadan döräp başlady. Munuň özi tranzit wagtynyň we ýük çykdajylarynyň amatlylygy bilen baglydyr. Bu barada «Канавара Групп» kompaniýasynyň müşderiler bilen işlemek boýunça direktorynyň orunbasary Andreý Serebrýakowyň beren maglumatyna salgylanýan «Logirus» habar berdi. — Häzirki wagtda multimodal ulag üçin tranzit wagty — takmynan 60 gün, göni demir ýol ulaglary üçin 30 gün töweregi. Hyzmatlaryň köpüsinde owerbuking bellige alynýar — diýip, hünärmen belleýär. — Deňeşdirmek üçin: aprel aýynda Hytaýdan multimodal ulag üçin 40 gije-gündiz, göni demir ýol ulagyna bolsa 15 gije-gündiz gerekdi.

“Uzynada” — baýlyklar käni

Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen birlikde, nebitgaz pudagynda-da döwrebap işler bitirilýär. Şeýle işler, geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyla-da mahsus ýörelgedir. Toplumyň iň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň günbatar sebitde iş alyp barýan dürli maksatly kärhanalarynyň zähmet toparlary bu ugurda guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Konserniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde soňky ýyllarda amala aşyrylýan işler aýratyn bellärliklidir. Baýry, şol bir wagtyň özünde-de, düýpli täzelenişi başdan geçirýän kärhanada hereket edýän guýulardan alynýan uglewodorod çig malynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Türkmen topragynyň genji-käni bilnen «gara altynly» ýataklary gözläp tapyp, olary senagat taýdan özleşdirmek işi bu hazynalar mesgeninde 1948-nji ýyldan gözbaş alýar. Şol ýyl gazuw işleri tamamlanyp, ulanyşa tabşyrylan 1-nji belgili guýudan bir gije-gündizde alynýan nebitiň möçberi 25 tonnadan hem geçipdir. Hut şu buýsançly wakanyň özem soňy bilen «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň dürli ýataklardaky işleriniň depginini ymykly ýokarlandyrmaga badalga berýär.

Ak mermerli ajap binalar görner

Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, bu ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, munuň özi milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň kemala gelmegine gönükdirilendir. Geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde hem-de täze 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda birbada ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň düýbi tutulypdy. Şolaryň birisi Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumydyr. Ýakynda biz gurluşyk işleriniň depgini bilen gyzyklanyp, bu ýere geldik. 20 gektardan gowrak meýdany eýeleýän binalar toplumynyň golaýynda bizi gurluşyk meýdançasynyň başlygy Nowruz Babajanow garşylady.

Ykdysady ösüşde möhüm ädim

Golaýda hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini işe girizmek dabarasyna gatnaşmagy ýylyň möhüm wakasy hökmünde elektroenergetika pudagynyň taryhynda nobatdaky sahypany açdy. Bu taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, Diýarymyzda bir bitewi halkalaýyn energiýa ulgamy emele geldi. Jemi uzynlygy 572 kilometr bolan Balkan — Daşoguz elektrik geçirijisini çekmek boýunça ähli işleriň Garaşsyzlyk ýyllarynda uly tejribe toplan türkmen gurluşykçylary tarapyndan amala aşyrylandygyny bellemek gerek. Garagumuň üstünden geçýän bu ugur alnyp barylýan işleriň hiline aýratyn talaplary bildirdi. Döwletimiziň goldaw bermegi, pudagyň işgärleriniň işiniň dogry guralmagy netijesinde, gurluşyk-gurnama amallary gysga möhletlerde durmuşa geçirildi. Her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan «Balkan» we «Daşoguz» elektrik beketleri, olary birikdirýän ýokary woltly asma elektrik geçirijisi ýurduň bitewi halkalaýyn energoulgamynyň ahyrky tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny alamatlandyrdy.

Beýik ösüşlere beslenýän eziz Diýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz ösýär, özgerýär, röwşen geljege tarap öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap desgalar gurulýar, milli ykdysadyýetimiz has-da kuwwatlanýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şeýle beýik işler halkymyzyň bähbidini nazarlaýar, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Biz muny halk bähbitli beýik işlerden, gurlup ulanmaga berilýän desgalardan, ýaşaýyş jaýlaryndan we medeni-durmuş ähmiýetli binalardan aýdyň görýäris. Muňa mysal edip, diňe şu ýylda gurlup ulanmaga berlen ençeme taryhy ähmiýetli desgalary görkezmek bolar. Şu ýerde Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi ýaly taryhy wakalary bellemek bolar. Şeýle hem Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyp ulanmaga berilmegi, Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisi we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleri taryhy wakalaryň hatarynyň üstüni ýetirdi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň beýik ösüşlerini, ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň beýan edýär. Häzirki ajaýyp döw

Gazçylaryň zähmet üstünligi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletimizde tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça berýän tabşyryklary esasynda tutanýerli zähmet çekmek bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny üstünliklere besleýärler. Konserniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawlaýjylary ýurdumyzda mukaddes Gurban baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känindäki 259-njy ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny alyp, ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar.

Burawlaýjylaryň üstünlikli zähmeti

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda iş alyp barýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň hyzmaty uludyr. Ýurdumyzyň günbatar sebitinde ýerleşýän Uzynada meýdançasy Garaşsyzlyk ýyllary içinde ady güneşli ülkämiziň nebitgaz senagatynyň taryhyna giren hazynaly ýerleriň biridir. «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe, Nebitdag, Ekerem, Körpeje buraw işleri müdirlikleri bu ýerde öndürijilikli iş alyp barýarlar. Häzirki wagtda Uzynadanyň 79, 80, 81, 84, 85-nji belgili guýularynda gazuw işleri amala aşyrylýar. Bu meýdançada tebigy baýlygyň möçberini anyklamak boýunça işleriň hem utgaşykly alnyp barylýandygyny bellemek gerek.

Baýlyk çykaryjylar öňdeligi saklaýarlar

Ýurdumyzyň uly baýlygy bolan tebigy gazyň gazylyp alnyşyny, onuň sarp edijilere iberilişini artdyrmak ugrundaky möhüm işde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Kükürtli liniýa önümçilik böleginiň hünärmenleri ýokary başarnyk we yhlaslylyk görkezýärler. Olaryň birleşen tagallalary arkaly üstümizdäki ýylyň tamamlanan döwri üstünliklere beslendi. Şol sebäpli bölegiň işgärleri müdirligiň öňdebaryjylary hasaplanýar. — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başyndan işlerimizi sazlaşykly gurap, ýokary depgini gazandyk. Munuň üçin Malaýdaky gaz gysyjy desganyň kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanýarys. Şeýle-de gaz känlerindäki guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak ugrunda degerli çäreleri durmuşa geçirýäris. Zähmetsöýer we başarjaň hünärmenlerimiziň iş orunlarynda yhlasly we maksada okgunly zähmet çekmekleri netijesinde şanly ýylyň tamamlanan bäş aýynda gowy görkezijileri gazandyk — diýip, bu bölegiň başlygy Begenç Çaryýew alyp barýan işleri barada höwes bilen gürrüň berýär.

Abatlaýjylaryň abraýy artýar

Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýylsaýyn täze belentliklere götermekde we ýer jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň müdirlikleri hem Balkan welaýatyndaky ojaklarda netijeli işleri amala aşyrýarlar. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu kärhanalar şu ýylyň geçen hasabat döwründe tutuş konsern boýunça 59 müň tonna golaý «gara altynyň» hem-de 28,4 million kub metre barabar «mawy ýangyjyň» goşmaça çykarylmagyny üpjün etdiler. Abatlaýjylaryň goşmaça alan nebitiniň «Körpeje» gaz çykaryş, «Galkynyşnebit» we «Ýaşyldepe» nebit-gaz çykaryş müdirlikleriniň her biriniň gürrüňi edilýän döwürde gazanan netijelerinden has artyk bolandygyny hem aýratyn nygtamak gerek. Bu görnükli netije «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň buýsançly üstünliklere beslenýändiginden habar berýär. Muňa şu ýylyň geçen bäş aýynda abatlaýjylaryň irginsiz tagallalary netijesinde tutuş trest boýunça 164-e derek 205 sany guýynyň gaýtadan hatara goşulmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Gürrüňi edilýän döwürde trest boýunça goşmaça nebit almak baradaky meýilnamanyň 147,9 göterim, tebigy gaz babatda bolsa 222,1 göterim berjaý edilendigi aýratyn nygtalmaga mynasyp görkezijidir. Bu üstünlige Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja guýulary düýpli abatlaýyş top

Okgunly ösüş bilen täze sepgitlere

Ykdysady ösüş halkyň abadan durmuşyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň netijeliligini şöhlelendirýän esasy görkeziji bolup durýar. Ykdysadyýetiň umumy ýagdaýyna baha bermek üçin bolsa, ilkinji nobatda, halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen baglanyşykly makroykdysady görkezijileri seljermek zerur. 7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilip, esasy makroykdysady görkezijiler barada hasabatlar berildi. Çuňňur oýlanyşykly ykdysady strategiýa esaslanyp, orta we uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň sanlardaky we maglumatlardaky beýany bolan görkezijiler milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösýändigini tassyklaýar. Adatça, ykdysady ösüşiň ýagdaýyna çärýekleriň, ýarym ýyllyklaryň hem-de ýylyň jemleri boýunça baha berilýär. Emma bäş aýlyk döwür hem saýlanyp alnan ugruň hem-de şol ugurda amala aşyrylýan işleriň netijeliligine nazar aýlamak üçin möhüm döwürdir. Çünki eýýäm bir ýyllyk menziliň ýarysyna golaýy yzda galdy. Şol döwürde oňyn netijeleriň gazanylmagy işleriň sazlaşykly ýola goýlandygyny görkezýär. Bu bolsa saýlanyp alnan ugruň dogrudygyny tassyklap, geljekki işleri meýilleşdirmegiň wagtynyň gelendigini aňladýar. 31-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisi

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini hem-de polipropileni satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklary, tüýjümek matalar, jins önümleri, jins hem-de nah mata, nah ýüplük, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 763 müň dollaryndan gowrak boldy.

Il-ýurt bähbitli möhüm desgalar

Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan iki sany elektrik bekediniň işe girizilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakalarynyň üstüni ýetirdi. Elektrik energiýasy milli ykdysadyýetimiziň ösüşini düzýär. Elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberlerini we onuň eksportyny artdyrmak, energiýa üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň ykdysady, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, energiýany ulanmak esasynda senagat önümçiligi kärhanalarynyň gurulmagy ýurdumyzyň energetikasyny ösdürmek strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» ýerine ýetirilmegi zerur bolan anyk wezipeler kesgitlenildi.

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Korollygy

Şotlandiýada sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek, galyndylary azaltmak we dolandyrmak üçin kabul edilen çäreleriň hatarynda şu aşakdakylary görkezmek bolar: • bir gezeklik materiallaryň ulanylmagyny gadagan etmek ýaly hereketler arkaly resurslaryň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak;

G20-LIKDE LIDERLIK EDÝÄR

Türkiýe G20-ligiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady ösüş boýunça liderlik edýär. Bu barada Ykdysady ösüş we hyzmatdaşlyk guramasynyň hasabatynda aýdylýar. Şu ýylyň birinji çärýeginde G20-ligiň ýurtlarynyň ortaça ykdysady ösüşi 0,9 göterime deň bolan bolsa, türk ykdysadyýeti agzalan döwürde 2,4 göterim ösüpdir.

Uly mukdarda maýa goýar

«Amazon» kompaniýasynyň bir bölümi bolan «Amazon Web Servic­es» (AWS) ýakyn geljekde Taýwanda maglumat merkezlerini gurmak üçin uly mukdarda maýa goýar. Gürrüň birnäçe milliard amerikan dollary barada barýar. «The Wall Street Journal» neşiriniň habar bermegine görä, maýa goýum taslamasy 2025-nji ýylda başlanyp, ýakyn 15 ýyly öz içine alýar. Geljek ýyl Taýwanda ilkinji «Amazon Web Services» maglumat merkezi işläp başlar. Mundan ozal, «Amazon Web Services» Singapurdaky bulut hyzmatlaryny giňeltmek üçin 9, Ýaponiýada bulut kuwwatyny artdyrmak üçin bolsa 15 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär.