"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Arkadag şäheri «ESQR Quality Choice Prize» ýokary hil baýragyna mynasyp boldy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ar­ka­dag şä­he­ri ESQR — Hil sel­je­riş bo­ýun­ça Ýew­ro­pa Jem­gy­ýe­ti­niň ab­raý­ly «Qua­li­ty Choice Pri­ze 2024» baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Baý­rak gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy We­na şä­he­ri­niň meş­hur «Park­ho­tel Schönb­runn» myh­man­ha­na­syn­da ge­çi­ril­di. Bu hal­ka­ra çä­re «Eu­ro­pe­an Society for Qua­li­ty Re­se­arch» (ESQR) ta­ra­pyn­dan gura­lyp, şä­her ösü­şi, sag­ly­gy go­ra­ýyş hem-de ener­gi­ýa­nyň ne­ti­je­li­li­gi ýa­ly ugur­lar­da hil do­lan­dy­ry­şyn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri­ni gör­kez­ýär.

Gahryman Arkadagymyz Magtymguly adyndaky halkara baýragyna mynasyp boldy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 2024-nji ýy­lyň 10-njy de­kabr­ynda Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Gahryman Arkadagymyz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ni ge­çir­di. Onuň do­wa­myn­da Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň me­se­le­le­ri­ne, we­la­ýat­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy­na ga­ral­dy.

Dostluk ýoly

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Bi­ziň ýur­du­myz dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­na, äh­li ugur­lar­da­ky giň hyz­mat­daş­ly­ga özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny we Bi­ta­rap­lyk sta­tu­sy­ny ber­kit­me­giň, da­şa­ry sy­ýa­sat­da­ky mak­sat­la­ry­ny üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ma­gyň ke­pi­li hök­mün­de ga­ra­ýar. Bu ba­ra­da Gah­ry­man Arkadagymyz: «Halk­la­ryň we döw­let­le­riň ara­syn­da­ky dost­luk dün­ýä­de yn­san­per­wer­li­gi ýo­la goý­ýan tag­ly­mat­dyr. Çün­ki bu dost­luk döw­let­le­riň äh­lu­mu­my ýö­rel­ge­le­re yg­ty­ýar­lyk ba­bat­da bi­te­wi­leş­me­gi­dir. Dost­luk — adam­za­dyň ýa­kyn­laş­ma­gy­nyň ýo­ly. Dost­luk — asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň ede­bi do­wam et­me­gi­niň ýo­ly. Hä­zir­ki wagt­da hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­dä­ki dost­luk­ly gat­na­şyk­lar ösüş­le­ri ýaý­baň­lan­dyr­ma­ga amat­ly ýag­da­ýy dö­red­ýär. Adam­za­dyň dö­re­den be­ýik tag­ly­mat­la­ry­ny dur­mu­şa or­naş­dyr­ma­gyň ýo­ly hem dost­luk­da­dyr» di­ýip, «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly ki­ta­byn­da bel­läp geç­ýär.

Ýagty geljegimiz baradaky aladalar

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 2024-nji ýy­lyň 7-nji de­kab­ryn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň mej­li­si ge­çi­ril­di.

50 ýyllyk dymyşlyk

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Geçen asyrdaky jeňleri seljerýän we ýitgileri öwrenýän bilermenler ikinji jahan urşunda pida bolan adamlaryň her biri üçin 1 minut dymyşlyk yglan etmeli bolsa, azyndan 50 ýyllap dymmaly boljakdygyny hasaplapdyrlar.

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburga çenli uçuşy amala aşyryp, “Pulkowo” Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Ir bilen lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumynyň gurulýan ýerine geldi. Milli Liderimiz gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň uzak möhletleýinlik, berklik şertlerini özünde jemlemelidigini aýtdy.

Dünýä haýran Arkadagyň şäherine!

Il-günümizde bir ýagşy iş edilip, onuňam tarypy dillerde sena bolanda, «dabarasy dag aşdy» diýilýär. Ýaňy-ýakynda Arkadag şäherine Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, «akylly» we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde daşary ýurtly ýokary okuw mekdepleri hem-de kompaniýalary tarapyndan şahadatnamalaryň berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Arkadag şäherine Koreýa Respublikasynyň «Data Science Technology International Co., Ltd.» we «Sawwave Co., Ltd.» kompaniýalarynyň, Hindistanyň Çitkara uniwersitetiniň, Türkiýe Respublikasynyň Bilkent uniwersitetiniň Milli nanotehnologiýa ylmy-barlag merkeziniň, Russiýa Federasiýasynyň «Moskwanyň Inžener-fiziki instituty» Milli ylmy-barlag ýadro uniwersitetiniň zatlaryň interneti esasynda infrastrukturany ösdürendigi, intellektual ulag ulgamlary, energiýa taýdan netijeliligi ýokarlandyrmak boýunça çözgütleri, daşky gurşawy gözegçilikde saklaýandygy we dolandyrýandygy üçin üstünlik şahadatnamalary, şeýle hem ekologik taýdan arassalygy üçin Koreýa Respublikasynyň «Data Science Technology International Co., Ltd.» hem-de «Sawwave Co., Ltd.» kompaniýalarynyň, Rumyniýanyň Milli ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň, Türkiýe Respublikasynyň Izmir tehnologiýa institutynyň, Özbegistanyň Samarkant döw

Arzuwymyz-alkyşymyz Arkadaga, Arkadagly Gahryman Serdarymyza!

Geçip barýan ýyl ömrüňde ýatdan çykmajak şowly pursatlara baý bolan bolsa, ol ýyly düşümli hasaplaýarys. Arkadag şäherinde zähmet çekmek, ýaşamak nesip eden ildeşlerimiziň ählisi 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bagt getirendigini aýdýarlar. Olaryň käbirleriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmekligi makul bildik.

Şadyýan pursatlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Durmuş neneň owadan, Diýar neneň nurana!Gel, Täze ýyl, şan berip Bu döwletli döwrana.

Sowgatly söwda merkezleri

Tamamlanyp barýan 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem ajaýyp ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl «akylly» şäheriň taryhynda ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Şeýle üstünlikleri bagyş eden ýylyň ahyrky günleri has hem uly dabaralara beslenýär. Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda bu baýramy ikinji gezek garşylaýan Arkadag şäherinde hem täze, 2025-nji ýyly dabaraly garşylamak üçin ykjam taýýarlyk görülýär. Şäherdäki belent arçany diýjekmi, baýramçylyk lybasyna giren şäheri diýjekmi, göçme söwda nokatlary diýermiň,.. garaz, sereden ýeriňde baýramçylyk ruhy höküm sürýär. Söwda nokatlary bolsa hemişe köp adamly. Saçaklaryň berekedi bolan azyk önümlerinden, sowgatlyklardan torbasyny dolduran adamlary göreniňde ýüzlerinde şatlyk, baýramçylyk joşgunlary bar. Munuň özi ildeşlerimiziň halkymyzy ajaýyp döwürde, eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz söýgüsidir. Ynha-da, Arkadag şäheriniň «Gökdere» söwda merkezi. Baýramçylyk mynasybetli alyjylar üçin dürli amatlyklary we ýeňillikleri döredýän söwda merkezi öz işini dowam etdirýär. Döwrebap hyzmatlar, harytlaryň elýeterliligi bu merkezi alyjylaryň köp gelýän ýerine öwürýär. Harytlaryň köpdürlüligem üstesine. Täze ýyl arçalary, dürli bezegler üçin çyralar owadanlygy bilen nazaryňy egleýär. Şeýle-de dürli görnüşli azyk harytlary, gö

«Akylly» şäher — 2024: şanly sepgitler, buýsandyryjy üstünlikler

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan: ― «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryha ýaň salan, milletimize şan bolan wakalarynyň her biri aýratyn ýatlanylmaga mynasyp. Ýöne bu wakalar, täsirli pursatlar bir söhbede sygardan, bir kitaba ýerleşerden juda uly.

Täzelikler

Kerki etrabyndaky çörek kärhanasynyň zähmet adamlary ilaty çörek we çörek önümleri bilen bolelin üpjün edip, golaýlaşyp gelýän täze ýyly mynasyp üstünliklere besleýärler. Çörek bişirijiler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çörek we çörek önümleriniň 4095 tonnasyny ilata ýetirdiler. Bu ýerde öndürilen önümleriň tagamy we hili ildeşlerimiziň göwnünden turýar. Kärhananyň baş ykdysatçysy Babajan Musaýew çörek we çörek önümleriniň onlarça görnüşiniň taýýarlanylýandygyny, olaryň «Höwesli», «Altyn däne», «Şöhlejik» ýaly görnüşleriniň ilatyň uly isleginden peýdalanýandygyny aýdýar. Çörek bişirijileriň yhlasly zähmetiniň netijesinde ilatyň saçaklarynda çörek we çörek önümleriniň bolçulygy gazanylýar.

Türkmen-malaý gepleşikleri: netijelilik we ýürekdeşlik bilen

Döwletara gatnaşyklaryna aralyklaryň uzaklygy däl-de, ýürekleriň ýakynlygy täsirini ýetirýär. Biri-birinden 6 müň kilometr çemesi uzakda ýerleşýän Türkmenistan bilen Malaýziýany alyp göreliň. Aziýanyň tas bir çetinden beýleki çetine çenli uzaýan şu aralykda ýerleşýän iki döwletiň arasyndaky ýürekdeş hyzmatdaşlygyň ýola goýlanyna 33 ýyl dolup barýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly döwlete amala aşyran resmi sapary bolsa şol hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany ýazdy. Turuwbaşdan nygtalmaly bir hakykat bar. Biziň ýurdumyzy Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki bu dostlukly döwlet bilen nämeler baglanyşdyrýar we bu hyzmatdaşlyk nähili mümkinçiliklere eýe? Ine, taryhy sapar şu sowallara jogap berdi.

Nesilleriň arasyndaky köpri

Türkmen halky gymmatly mirasyny nesilden-nesle geçirip, aýawly saklap gelýär. Milli we ruhy baýlyklarymyz bir bitewi ulgam bolup, olaryň birnäçesi dünýäniň gymmatly medeni mirasynyň genji-hazynasy hökmünde tanalýar. Halkymyz kitap okamagy, bilim we ylym öwrenmegi ruhy ösüşiň, halal durmuşyň we ýagty geljegiň özeni hasaplaýar. Kitaplar diňe bir şahsy ösüşiň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä düşünmäge we pikiri giňeltmäge kömek edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly eseri hut şeýle ähmiýete eýe kitaplaryň biridir. Kitapda türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan uly goşandy we taryhy orny ylmy esasda beýan edilýär. Şeýle-de meşhur serkerdeleriň, şalaryň, soltanlaryň hem-de beýik şahsyýetleriň durmuşy we olaryň türkmen topragynyň taryhyna goşan goşantlary giňden açylyp görkezilýär.

Okuwda gollanma, durmuşda ýörelge

Bir hakykat bar: Gahryman Arkadagymyz täze eserinde milli mirasymyzy, köneden gelýän gymmatlyklarymyzy hakyda göwheri hökmünde derejelendirýän hem bolsa, biz — ýaş nesiller üçin eseriň hut özi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga, hakydalaryň göwherine öwrüldi. Bu eser okuwda gollanma, durmuşda ýörelge. Ol — nesilleriň arasyndaky baglanyşyk. Çünki şu günleriň we ertirleriň derejesi geçmiş bilen ölçenilýär. «Hakyda göwheri» bolsa bize nähili beýik geçmişimiziň bolandygy barada gürrüň berýär. Bu pikir Gahryman Arkadagymyzyň täze eserindäki «Taryh şu günden başlanýar» atly bölümde hem öz beýanyny tapýar.

Ýyllarymyz gelýär, bagta beslenip

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösüşine gönükdirilen döwletli işleriniň netijesinde Halaç etrabynyň janypkeş oba hojalykçylary tamamlanyp barýan ýylymyzy ýokary zähmet üstünlikleri bilen jemleýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda biziň daýhan birleşigimiz boýunça jemi ekilen 1558 gektar gowaçadan 5200 tonnadan gowrak hasyl alyndy. Bu bolsa bellenilen meýilnamadan 396 tonna köpdür. Galla tabşyrmak boýunça borçnamamyzy hem 104 göterim berjaý etdik. Ýagny, bugdaý ekilen 1379 gektar meýdandan 3476 tonna hasyl ýygnadyk. Elbetde, her bir üstünlik irginsiz zähmeti talap edýär. Ynha, biziň zähmetkeş pagtaçy kärendeçilerimiz hem geçen ýyllarda baý iş tejribesini topladylar. Olar gowaçalara ideg etmekde topar ýolbaşçylarydyr agronomlar bilen agzybirlikde iş alyp bardylar.

Beýik ösüşlere buýsanç

Welaýatymyzyň bilim işgärleri 2024-nji ýyly uly üstünlikler bilen jemleýärler. Şol üstünliklerde Dänew etrabynyň bilim işgärleriniň we mekdep okuwçylarynyň hem paýy uly. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda etrabymyzyň bilim işgärleri, okuwçylary döwlet we halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler. Şolardan etrabymyzdaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy Akja Haýdarowanyň «Ýylyň mugallymy — 2024» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň ýeňijisi bolandygyny, okuwçylarymyzyň köpsanlysynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy tarapyndan geçirilen internet olimpiadalarynda ýeňiş gazanandyklaryny nygtamakçy. Etrabymyzdaky 17-nji orta mekdebiň okuwçysy Yslam Mamurjanow «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda öňe saýlanmagy başardy. Okuwçylarymyz «Erudit» halkara maksatnamasynyň çäklerindäki internet olimpiadasynda, halkara D.I.Mendeleýew olimpiadasynda hem diýseň üstünlikli çykyş etdiler. Robototehnikaçy okuwçylarymyz degişli bäsleşigiň döwlet tapgyrynda birinji orny eýelediler.

Arzuwlar wysal tapýar

Men 2024-nji ýyly hemişe uly ýakym bilen ýatlaryn. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabaralaryna beslenen ýylda ykbalyma welaýat ýörite sungat mekdebiniň uçurymy bolmak, ýokary okuw mekdebine okuwa girmek we «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda öňe saýlanmak miýesser etdi. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda aýdym-saz sungaty okgunly ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň döredýän aýdym-saz eserleri we bu gadymy sungata bagyşlanan kitaplary bolsa bagşydyr aýdymçylar üçin ylham çeşmesidir. Ata-babalarymyzdan gelýän halk aýdymlaryny şirinligi bilen geljekki nesillere ýetirmekde «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi uly orna eýedir. Bu bäsleşigiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky ýeňijisi bolmak meniň üçin belent mertebedir.

Döwrümize şan eçilýän ýeňişler

Gah­ry­man Arkadagymyzyň we Ar­kadag­ly Gahryman Serdary­my­zyň tu­tum­ly tagallala­ry netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda türk­men spor­ty hem ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne gö­te­ril­di. Bu ýag­daý ta­mam­la­nyp bar­ýan ýy­ly­myz­da aý­ra­tyn gö­ze iler­lik­li­dir. Şu ýy­lyň do­wa­myn­da biz Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Täh­ran şä­he­rin­de we Mon­go­li­ýa­da ku­raş bo­ýun­ça ge­çi­ri­len ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp, baý­rak­ly orun­lar bi­len Wa­ta­ny­my­za do­lan­dyk. Gazanan ýeňişlerimizde geçen ýyl merjen paýtagtymyzda geçirilen dünýä çempionatynda toplan baý tejribämiziň aýratyn orny bar. Döwrebap sport desgalarynda türgenleşmäge döredilýän mümkinçilikler türgenlerimiziň ýeňşe bolan yhlasyny has artdyrýar.