Halkymyzyň ruhy gymmatlygy

16 Iýul 2021
2745

Halkymyzyň durmuşy haly bilen berk baglanyşyklydyr. Ilkibaşda daş-töweregindäki dünýä bilen adamlary pugta baglanyşdyrýan, ýaşaýyş hajaty bolup hyzmat eden haly ahyrky netijede sungata öwrüldi. Onuň kämillige barýan ösüşiniň her bir döwründe öz ussatlary bolupdyr. Türkmen halky haly bilen baglanyşykly däpleri keramat derejesine ýetirip, ony aýawly saklaýar. Halyny diňe aýal-gyzlar dokapdyrlar, gadymdan gelýän sungat eneden gyza geçipdir. Haly dokamak sungaty iň ýokary ruhy gymmatlyga deňelýär. Bu ruhy gymmatlyk, bu miras türkmen halkynyň buýsanjydyr. Her ýyl maý aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen halysynyň güni dabaraly bellenilip geçilip, bu ajaýyp sungatyň sarpasy belentden belent tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynda ene-mamalarymyzyň yhlasyna, hünärine, zähmetine, olaryň döreden halyçylyk sungatyna ýokary baha berilýär. Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» kitabynda ýüň ýüplükleriň taýýarlanylyşynyň ädimme-ädim tapgyrlary geçip, älemgoşaryň ähli öwüşginlerini özünde jemleýändigi, olaryň çogdam ýagtylyk bolup, nagyşlara we keşdelere öwrülýändigi, şolaryň netijesinde ajaýyp halylaryň döredilýändigi barada buýsandyryjy gürrüň edilýär.

Annasoltan BERDIÝEWA
ykdysady ylymlaryň kandidaty