Arkadag Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, adamzat paýhasynyň gazanan ajaýyp we möhüm üstünlikleriniň biri ylymdyr. Bu günki gün ösen ylmyň, bilimiň türkmen ýaşlary üçin elýeterli bolmagyny gazanmak esasy wezipeleriň biridir. Şu jähetden ugur alnyp, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, hilini ýokarlandyrmak, döwrebaplaşdyrmak we dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek ugrunda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar.
Ösen döwür bilen aýakdaş gitmek we onuň ýokary talaplaryny ödemek üçin tehnologiýalar dünýäsine aralaşmak, onuň soňky gazananlaryndan baş çykarmak, halkara dillerde öz pikiriňi erkin beýan edip bilmeklik esasy meseleleriň biri bolup durýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda şeýle ýokary taýýarlykly hünärmene bolan isleg häzirki döwürde has hem artýar.