Maliýe seljermesiniň kämil guraly

16 Iýul 2021
2255

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini hem-de sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Bu işler ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmaga giň ýol açýar.

Audit düşünjesi ykdysady subýektiň maliýe hasabatlylygyndaky maglumatlaryň ygtybarlylygynyň we dolulygynyň derejesiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelýändigi barada auditoryň garaşsyz pikirini beýan etmekden ybaratdyr.

Serdar DÖWLETOW
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy