Dil öwrenmegiň ygtybarly usullary

28 Noýabr 2021
948

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyz “Açyk gapylar” syýasatyny sazlaşykly durmuşa geçirýär we halkara gatnaşyklarynda görnükli orny eýeleýär. Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna we kabul eden halkara borçlaryna ygrarly bolmak bilen, daşary syýasy gatnaşyklaryny hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň gerimli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine laýyklykda alyp barýar. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň barha işjeňleşmegi dünýä dilleri boýunça kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna bolan talaby güýçlendirýär. Çünki, hemmämize mälim bolşy ýaly, dil dostlugyň we hyzmatdaşlygyň esasy serişdesidir. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmek barha güýçli depgine eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara dünýäniň islendik ýurdunyň iň gowy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga, hünär öwreniş okuwlaryny geçmäge giň mümkinçilikler döredildi. Bu bolsa çagalaryň we ýaşlaryň orta mekdeplerde daşary ýurt dilini öwrenmäge bolan islegini has-da güýçlendirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda iňlis, nemes, hytaý, ýapon, fransuz we rus dillerini öwredýän orta mekdepler bar. Ol mekdepler ýaşlara çagalygyndan höwes eden dilini suwara öwrenmeklerine doly mümkinçilik berýär. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Dil merkezleri hereket edýär. Olarda uly adamlaryň hem daşary ýurt dillerini öwrenmegi üçin bu ugurdan tejribeli mugallymlar, hünärmenler işleýärler.

Maral MYRADOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.