Geljege şamçyrag

1 Dekabr 2021
699

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin döredilen şertler, mümkinçilikler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak arkaly bilim ulgamyndaky wezipeleriň üstünlikli çözgüde eýe bolandygy aýratyn guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynyň öňünde goýýan esasy wezipeleri durmuş babatda işjeň we ýokary ahlak düşünjeli, döwrebap bilimli, halal, zähmete hyjuwly nesli kemala getirmek bolup durýar. Şanly ýylyň içinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, gözel paýtagtymyzda döwrüň ýokary talabyny ödeýän, dünýäniň iň täze tehniki enjamlaryna eýe bolan bilim edaralarynyň onlarçasynyň döredilmegi, gurulmagy aýratyn ähmiýete eýedir.

Häzirki türkmen jemgyýetini durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy hem-de ruhy-ahlak taýdan ösdürmek, özgertmek bilim ulgamynda milli mugallymçylyk däpleriniň we dünýä ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagynda gazanylýan üstünliklere gönüden-göni bagly bolup durýar. Şu esasda mukdar we hil babatda ýurdumyzyň bilim ulgamynda uly öňegidişlikler gazanyldy. Okuwçylaryň we talyplaryň okamaga, öwrenmäge bolan şertleri, mümkinçilikleri has-da artdyryldy. Bilim ulgamynyň maddy enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, okatmagyň täze tehnologiýalar arkaly baýlaşdyrylmagy, usulyýetiň kämilleşdirilmegi, sanly bilim ulgamyna geçilmegi we täze okuw merkezleriniň açylmagy bilen, gysga döwrüň içinde gazanylan üstünlikler bu gün biziň her birimizi guwandyrýar. Halkymyzyň abadançylygy, bagtyýar durmuşy, eşretli ýaşaýşy, ruhy dünýäsiniň sagdynlygy, baýlygy, aýratyn hem, bilim ulgamynyň ösüşleri babatda gije-gündiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerine her bir türkmenistanlynyň buýsanjy bimöçberdir.

Şasenem ALLABERDIÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiň mugallymy.