Temany nakyllar bilen baglanyşdyrmak

28 Noýabr 2021
1097

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» kitaby ata-babalarymyzyň akyl eleginden geçirip döreden nakyllardyr atalar sözlerini özünde jemleýär. Bu kitapdaky paýhasly sözleri mekdepde öwrenilýän ähli derslerde peýdalanmak bolýar. Şu nukdaýnazardan, türkmen dili dersinden her bir geçilýän temany «Paýhas çeşmesi» kitaby bilen baglanyşdyrmak bolýar.

Mekdebiň 5-nji synpynda «Çekimlileriň gysga we uzyn aýdylmagynyň sözüň manysyna edýän täsiri» atly tema öwrenilýär. Şonda okuwçylara «Özüňi süýt bil, dostuňy — gaýmak», «At gylygyna eýesi ýetik» nakyllarynda «bil», «at» sözlerindäki çekimlileriň gysga aýdylýandygyny, «Dil bilen orak orsaň, bil agyrmaz», «Älem içre adam gezmez, at gezer» nakyllarynda bolsa «bi:l», «a:t» sözleriň çekimlileriniň uzyn aýdylýandygyny düşündirmek bolýar. Şunlukda, «bil», «at» sözleriniň çekimlileri gysga aýdylanda bir many, uzyn aýdylanda bolsa başga many aňladýandygyny okuwçylaryň dykgatyna ýetirmeli.

Täçdurdy HANALYÝEW,
Bereket etrabyndaky ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň mugallymy.