San­ly bi­li­miň giň müm­kin­çi­lik­le­ri

30 Noýabr 2021
1235

Diýarymyzda bilim ulgamynyň ösüşini ýokarlandyrmak we ulgamda alnyp barylýan işleri döwrebaplaşdyrmak üçin sanly bilim ulgamy birkemsiz we bökdençsiz amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda: «Bilim ulgamy bähbitler bilen her bir raýatyň bähbidiniň goşulyşmagynyň, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan ösüşiniň depginlerini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolmagynda galýar» diýip, parasatlylyk bilen bellemegi kämil bilimiň we ylmyň döwrebap ösüşleriň binýadydygy baradaky hakykata anyk hem özboluşly many çaýýar. Çünki milli bilim ulgamy durnukly ösüşi üpjün edýän güýç bolup çykyş edýär. Bu babatda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem kabul edilip, onuň durmuşa ornaşdyrylmagy jemgyýetimiziň we döwletimiziň gülläp ösmeginiň bähbidine ykdysadyýete hem-de beýleki ugurlara innowasion serişdeleri çekmäge mümkinçilik berýär. Bu Konsepsiýa maglumat gurşawyny döretmäge hem-de bilim bermegiň ähli başlangyçlaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga hem-de kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Konsepsiýa esasynda ösen döwletlerde ulanylýan täzeçillikleriň, usulyýetleriň milli bilim ulgamyna giňişleýin we netijeli ornaşdyrylmagy, innowasiýalaryň, kompýuter tehnologiýalarynyň giňden ulanylmaga berilmegi ýurdumyzda bilim ulgamyny düýpli ösdürmäge şert döretdi.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýaşlaryň döwrebap, ýokary hilli bilim, terbiýe almagy, akyl, ruhy taýdan ösen we kämil şahsyýet hem-de ussat hünärmen bolup ýetişmegi ugrunda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim portallary üstünlikli hereket edýär. Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hem döwrebap bilim portalynyň okuw otaglarynda, nazary we tejribe sapaklarynda giňişleýin ulanylmagy ýola goýuldy. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologik enjamlar arkaly bilim portalynyň durmuşa geçirilmegi talyplaryň geçýän okuw sapaklaryna has-da aýdyň düşünmeklerine we akyl ýetirmeklerine giň mümkinçilik döredýär. Bu ýokary okuw mekdebinde kompýuter tehnologiýalarynyň hem-de aragatnaşyk serişdeleriniň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzdaky beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen Internet arkaly uzak aralykdan okuwlar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Şeýle işler milli bilimiň hiliniň ýokarlanýandygyna, ýurdumyzda hereket edýän ähli ugurlarda işläp biljek kämil hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmekde bilim ulgamynyň öňünde durýan döwlet derejesindäki baş wezipeleriň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Uniwersitetimiziň adyna döredilen «myiuhd» bilim portalynyň baş sahypasynda ýokary okuw mekdebiniň suratyny, nyşanyny uniwersitetde alnyp barylýan ylmy-amaly maslahatlaryň rejenamasyny, wideoşekilli ýazgylary we birnäçe dabaralarda alnan suratlary görmek bolýar. Bilim portaly 2014-nji ýylda döredilip, ol uniwersitetiň mugallymlaryna we talyplaryna ulanmak üçin niýetlenendir.

Göwher ÝARAŞOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.