Işjeň usullaryň ähmiýeti

28 Noýabr 2021
899

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň dünýä dillerini çuňňur öwrenmeklerinde ägirt uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu babatda bilim ulgamynyň döwrebaplygyny gazanmak, kämil şahsyýetleri terbiýelemek möhümdir. Ata Watanymyzyň ertiri bolan ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek boýunça uly alada edilýär. Şonuň üçin terbiýeli nesli kemala getirmek mugallymlaryň esasy borjudyr. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 1-nji sentýabrynda geçiren umumy okuw sapagynda: «Durmuşdaky ähli düşünjedir bilimler Watandan başlanýar. Äpet Ýer togalagynyň Ýewraziýa yklymynda ýerleşýän Türkmenistan biziň eziz Watanymyzdyr, ata-babalarymyzdan miras galan we soňky nesillere galjak bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bu nurana topragy söýmek, goramak, gülletmek biziň her birimiz üçin parzdyr. Biziň at-abraýymyz, mertebämiz we derejämiz şu topragyň şöhratyny belende göterip bilşimize baglydyr. Ata Watanymyzyň her daban ýeri biziň iň beýik mukaddesligimizdir» diýip belledi.

Mugallymlar okadýan dersleriniň aýratynlygyny nazara alyp, okuwçylara döwrebap bilim we terbiýe bermelidirler. Bu işde okatmagyň netijeli we has işjeň usullaryndan, okuw-görkezme esbaplaryndan, häzirki zaman tehniki serişdelerinden ýerlikli peýdalanmalydyrlar. Häzirki wagtda ylmyň we tehnikanyň ösmegi netijesinde okatmagyň dürli usullary netijeli ornaşdyrylýar. Okatmakda kompýuterler, multimedia tehnologiýalary giňden peýdalanylýar. Bu bolsa sapagyň gyzykly guralmagyna, wagty tygşytlamaga, mugallymyň döredijilikli işini kämilleşdirmäge itergi berýär. Mugallym dürli usullardan peýdalanyp, sapaga näçe döredijilikli çemeleşse, onuň ýatda galyjylygy şonça-da ähmiýetli bolýar. Mugallym sapagyň gyzykly hem täsirli guralmagynyň aladasyny edip, bu işe örän döredijilikli çemeleşmelidir, oňa ukyp-başarnygyny, gujur-gaýratyny, zehinini siňdirmelidir.

Maral BEGLIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň müdiri.