Tebigaty goramaga işjeň gatnaşýan bilim edaralary yglan edildi

1 Dekabr 2021
1044

Ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tebigaty goramak babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. 29-30-njy noýabrda Aşgabat şäheriniň 89-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep», «Bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde görelde görkezýän bilim edaralaryny ýüze çykarmakdan, olaryň iş tejribesini ýaýratmakdan, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işlere ýaş nesli işjeň çekmekden, olarda tebigata söýgi döretmekden, ekologiýa medeniýetini kemala getirmekden ybaratdyr. Bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň şertlerine görä, mekdepleriň we çagalar baglarynyň arasynda degişli işleriň alnyp barlyşyna, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine, miweli, saýaly baglaryň, bezeg we gülli ösümlikleriň ösdürilip ýetişdirilişine, ideg edilişine, bilim we hyzmat ediş işgärleri bilen daşky gurşawy goramak boýunça işleriň, baglara ideg etmegiň ýola goýluşyna baha berlip, bilim edarasynda döredilen «Tebigat» burçunyň bezelişi, ata-eneler bilen mekdebi bagy-bossanlyga öwürmekde geçirilýän işler göz öňünde tutulyp, bu babatda döreden surat albomlarydyr wideoýazgylary, prezentasiýalary bilen has tapawutlananlar ýeňijiler hökmünde yglan edildi.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.