Görüm-görelde we terbiýe

30 Noýabr 2021
1169

Halkymyz edepli perzent ýetişdiren ene-atany yhlasy ýerine düşen, bagtly maşgala hasap edýär. Edepli perzentleri terbiýeläp ýetişdirmek ene-atadan irginsiz zähmeti, akyldyr paýhasy, sabyrdyr kanagaty talap edýär. Perzent — her bir maşgalanyň baş arzuwy. Perzent — her bir ojagyň mähir ýylysy, durmuşyň dowamy, ýürekleriň örki, göwünleriň görki. Eken bagyň hasylynyň onuň idegine bagly bolşy ýaly, perzentler hem görkezen edep-terbiýäňden özüne geregini alyp, kemala gelýär. Edep başyny zähmet terbiýesinde görýän halkymyz ýaş nesilleri ýaşlykdan zähmete uýgunlaşdyrmagy ilkinji borjy hasap edýär. «Çagany ýaşdan» diýen aýtgynyň manysy olaryň terbiýesine irgözinden, ýaşlykdan başlamagy, ýaş wagty aňa guýlan terbiýäniň bütin ömre hemra bolýandygyny aňladýar. Çagalar gören zadyny ýatda saklamaga diýseň ukyply bolýarlar. Olar iň ownuk wakalary hem ýatda saklap bilýärler. Hut şonuň üçin hem çagalaryň ýanynda diňe gowy sözleri aýdyp, hoşamaý gatnaşyk bilen edep-terbiýeli, birek-birege sylanyşykly hereketleri edip, ýagşy görüm-görelde görkezmeli.

Adamyň düşünjesi öz özenini çagalykdan alyp gaýdýar. Ýaşalan ömür bolsa öz hasabyny wagtdan alýar. Öz hökümini ýöredip, ähli zady ýerli-ýerinde, nobatma-nobat goýýan wagtyň çäginden çykýan zat ýok. Şeýle gymmatly wagt atly hazynany biz geljegimiz bolan çagalarymyzyň edep-terbiýeli, ylymly-bilimli bolmagyna harçlasak şol zähmetimiziň tüýs ýerine düşdügi bolar.

Nurmyrat ANNAMUHAMMEDOW,
Gökdepe etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň mugallymy.