Bi­lim –ösüş­le­riň binýady

30 Noýabr 2021
1057

Berkarar döwletimiziň röwşen ertirleriniň dowamaty bolan ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň hem-de ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň we netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Diýarymyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, bilimiň ähli basgançaklarynda okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Elbetde, sanly bilim ulgamynyň çäginde bilim ojaklarynyň arasynda guralýan teleköpri arkaly geçirilýän okuwlara aýratyn ornuň degişlidigini bellemek gerek. Teleköpri arkaly geçirilýän okuwlar, bir tarapdan ýaşlara ýurdumyzyň beýleki bilim ojaklarynda zähmet çekýän tejribeli mugallymlaryň geçýän sapaklaryny öz bilim ojagynyň çäginden çykman özleşdirmegine mümkinçilik berýän bolsa, ikinji tarapdan, ol mugallymlara özara tejribe alyşmaga-da giň mümkinçilik berýär. Maglumatlaryň sanly ulgama geçilýän döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklarynyň arasynda ylmy maglumatlary alyşmagyň toruny emele getirmek, olaryň onlaýn ulgamy arkaly baglanyşdyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Ylym-bilim ojaklarynyň kitaphanalarynyň onlaýn ulgamy arkaly baglanyşdyrylmagy ýurdumyzyň kitap goruny ulanyjylara giňden elýeterli etmäge oňyn täsirini ýetirýär. Ýaş nesliň multimediýa tehnologiýasyna erk edip bilmek başarnygyny ösdürmekde häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary dersine aýratyn orun degişlidir. Bu okuw dersinde maksatnamada özleşdirilmesi göz öňünde tutulan temalaryň çäginde ýaşlaryň maglumat-aragatnaşyk ulgamyny dolandyrmak boýunça sowatlylygy artdyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýa bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly enjamlary giňden peýdalanmak arkaly bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Täze taryhy eýýamda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Ak şäherimiz Aşgabatda we welaýatlarda döwrebap bilim ojaklary gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu bilim ojaklarynyň ählisinde sapaklary multimediýa serişdelerini peýdalanmak arkaly interaktiw usulda geçmäge mümkinçilikler döredilýär. Okuw maglumatynyň multimediýa serişdesini peýdalanmak arkaly interaktiw usulda geçilmegi sapagyň gyzykly, özüneçekiji bolmagyna, çuňňur özleşdirilmegine we okuwçylaryň döwrüň ösen tehnikasynyň mümkinçiligine akyl ýetirmegine ýardam edýär.

Bilbil NEPESOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.