Baýramçylyk ruhuna beslenen çäre

26 Noýabr 2021
878

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdepde geçirilen «Açyk gapylar» güni baýramçylyk ruhuna beslenip, oňa welaýat Baş bilim müdirliginiň hünärmenleri, şäherdäki orta mekdeplerden öňdebaryjy mugallymlar gatnaşdylar. Türkmen dilinde, şeýle-de birnäçe daşary ýurt dillerinde geçirilen göreldeli açyk sapaklar ýokary guramaçylygy, täsirliligi, okuwçylara döwrebap bilim bermegiň täze gazananlaryny özünde jemleýändigi bilen tapawutlandy. Mekdebiň zehinli okuwçylarynyň taýýarlan taslama işleriniň görkezilişi bolup, olar bilen guralan zehin bäsleşigi myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy.

«Açyk gapylar» gününiň çäklerinde oňa gatnaşanlar bu ýerde guralan sergileri synladylar. Mekdebiň okuwçylarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary çärä özboluşly öwüşgin çaýdy.

Aýjemal GAÝLYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy.