Sapakda kitaplardan peýdalanmak

28 Noýabr 2021
1095

Gahryman Arkadagymyz ajaýyp eserleri, nusgalyk kitaplary halkymyza sowgat edýär. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň bilimlerini artdyrmakda, köptaraplaýyn düşünip, pikirlenip, netije çykaryp bilmek endiklerini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde, olara netijeli bilim bermekde hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary esasy gollanma bolup durýar.

Her bir sapak guralanda mugallym iş usullarynyň iň kämilini saýlap alýar. Şunda bilim ulgamyna ornaşdyrylan interaktiw usullar we goşmaça gollanmalar talyp ýaşlara bilim bermekde özüniň oňyn netijesini berýär. Mugallym talyplara geçilýän temany düşündirende, diňe bir derse degişli materiallardan däl, eýsem, bu ders bilen baglanyşykly birnäçe gollanmalardan peýdalanmaly bolýar. Guralýan sapaklarda tema anyk mysallara ýüzlenilip, kitaplara, gazetdir žurnallarda çap edilýän makalalara ýa-da internet maglumatlaryna salgylanyp öwredilse, ýaşlarda gowy täsir galdyrýar.

Dünýä MÄMMETJUMAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.