Halkymyzyň terbiýeçilik mekdebi

30 Noýabr 2021
1019

Türkmen halky hemişe çaga terbiýesine diýseň uly ähmiýet beripdir. Her bir çaganyň ukybyna, başarnygyna laýyklykda terbiýeçilik işini alyp barypdyrlar. Hemmämize mälim bolşy ýaly, her bir çaga bir zada ukyply bolýar. Pähimdar pederlerimiz, ene-mamalarymyz çagalaryň özlerini alyp baryşlaryny içgin öwrenip, ukyplaryny, başarnyklaryny göz öňünde tutup, olary şoňa laýyk hünäre gönükdiripdirler. Gahryman Arkadagymyz geljegimiz bolan ýaş nesilleriň terbiýesine, olara bilim bermek işlerine aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 1-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada geçen umumy okuw sapagynda şeýle belledi: «Men «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabymda: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belläpdim. Biz toplanan ylym-bilim tejribämiziň esasynda XXI asyrda durnukly ösüşi üpjün edýäris».

Türkmen halkynyň akyl hazynasynyň esasy bölegi, terbiýeçilik tejribesi asyrlaryň dowamynda döredilen nakyllardyr atalar sözlerinde, nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde jemlenendir. Ähli zady durmuş terezisinde ölçemegi başaran pederlerimiz adamyň gepine-sözüne, hereketine, oturyp-turşuna seredip, onuň akylyna, terbiýe derejesine göz ýetiripdir. Atalarymyzyň döreden «Söýenişen ýykylmaz», «El eli ýuwar, iki el birigip — ýüzi», «Dostlukda menzil bolmaz», «Dost — dostuň aýnasy» ýaly pähim-paýhaslarynda agzybirlik, dostluk gatnaşyklarynyň ynsan ömrüniň manysydygy beýan edilýär.

Jahan GURBANOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.