Şanly sene mynasybetli

28 Noýabr 2021
1028

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýatymyzdaky orta mekdepleriň birnäçesinde «Açyk gapylar» güni geçirildi. Şonuň çäginde guralan açyk sapaklar, şeýle-de göreldeli sapaklar bilim işgärleriniň hünär ussatlygyny aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Kaka etrabyndaky 1-nji orta mekdep göreldeli bilim ojaklarynyň biri hasaplanýar. Agzalan mekdepde öz kärine ussat, tejribeli bilim işgärleriniň onlarçasy zähmet çekmek bilen, ýaş nesle döwrüň ruhunda, döwrebap bilim-terbiýe bermekde yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Şeýle bilim işgärleriniň birnäçesiniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden belleniljek Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dürli synplarda guran açyk sapaklary, şeýle-de göreldeli sapaklary täsirliligi bilen tapawutlandy.

Pirmuhammet ÇARYÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.