Nusgalyk göreldäni goldap

1 Dekabr 2021
859

Hormatly Prezidentimiz ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak meselelerini döwlet syýasatynda mydama ileri tutýar. Bu babatda Arkadag Prezidentimiziň görkezýän göreldesi çagalardan başlap, ululara çenli hakyky görelde mekdebidir. Milli Liderimiz il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işiniň daşyndan sport bilen yzygiderli meşgullanýar. Ýurdumyzda bu nusgalyk göreldä giňden eýerilýändigi guwandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň gurduran sport mekdepleri, stadionlar, sport desgalary halkymyza, ilkinji nobatda bolsa ýaşlara hyzmat edýär.

Biz ýaş nesli sporta çekmek ugrunda degişli işleri alyp barýarys. Ýakynda etrabymyzyň bilim ojaklarynda «Şu güne buýsanç, ertire ynam» ady bilen wagyz-nesihat çärelerine badalga berildi. Mekdep okuwçylary bilen geçirilýän duşuşyklarda saglygyň, sagdyn ýaşamagyň ynsan üçin zerurlykdygy, munuň üçin sport bilen yzygiderli meşgullanmalydygy barada giňden söhbet edilýär. Ýaş nesliň ýaramaz endiklerden daşda durmagyny, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak biziň baş wezipämizdir. Bu meseläniň ähmiýeti dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy göreş çäreleriniň giňden alnyp barylýan döwründe has-da artýar. Diňe bedeni berkitmek, sagdynlyk ýörelgesine giňden eýermek bilen, eziz Arkadagymyzyň milletimize bagyş eden beýik döwrüne mynasyp ynsan bolup bolar. Ine, şu mizemez hakykat biziň gündelik alyp barýan işimiziň düýp özenini düzýär.

Akmyrat HUDAÝAROW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Darganata etrap birleşmesiniň başlygy.