Kä­mil­lik ýol­la­ry

30 Noýabr 2021
1286

Käteler pikirlerim garyşyk, ýadaw mahalym kitap okasam, köňlüm rahatlyk tapýar. Endigime görä, men ýene otagdaky kitaply tekjäme tarap eňdim. Haýsysynyň gatyny açyp, täze başdangeçirmelere syýahat etjegim hakda oýlanyp, gözümi bir nokada dikip otyryn. Birden gözüm Maýn Ridiň «Başsyz atly» diýen kitabynda eglendi. Kitaby açan badyma onuň çep burçunda petekesini gaýşardýan horaz ýaly, az-kem saga ýykgyn eden harplara gözüm kaklyşanda ýürege ýakymlylyk aralaşyp, ýylgyranymy-da duýmandyryn. Ondaky «Okuwçym Aýgüle, türkmen dili we edebiýaty mugallymy Maýa Begenjowadan ýadygärlik sowgat. 2015-nji ýyl, maý aýy» diýen ýazgy biygtyýar geçmişiň gursagyny dörüp, süýji ýatlamalaryň gujagyna doldurdy. Mekdebim, ak mekdebim! Ýyllar Günüň öňüni tutýan bulutlar ýaly üstüňi näçe örtjek bolsa-da, aňymda senli ýatlamalaryň şöhlesi ýitelmese, körelmedi.

Öýi öý edýäniň zenan, saçagy saçak edýäniň mele-myssyk çörek bolşy ýaly, mekdebi mukaddes ýer edýänem mugallym bolsa gerek. Mugallym okuwçylaryny sülgün jüýjesi deýin mähir ganatynyň astynda penalaýar. Ol çigşirilen çylşyrymlylygy çöşläp, sadalaşdyryp, perzendinden egsik görmeýän okuwçylaryny ylymlardan habardar edip, aňynda bilim binýadynyň ilkinji kerpijini goýýar. Bu işde ol zähmetini, zehinini, ukybyny gaýgyrmaýar. Şeýle gaýduwsyz, öz kärine ýüregi bilen ýapyşan hoşgylaw zenan mugallymlaryň biri-de Maýa Begenjowadyr. Halypa mugallym häzir Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň 96-njy orta mekdebinde türkmen dili we edebiýaty derslerinden ýaş nesle bilim berýär.

Aýgül ÝAZYÝEWA,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy.