Halkymyzyň aýdym-saz sungaty

28 Noýabr 2021
824

Bagtyýarlyk zamanamyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň bilimde, ylymda, döredijilikde gazanýan üstünlikleri dünýä derejesinde ykrar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen milli aýdym-saz sungatymyz hem ylmy esasda öwrenilýär. Munuň şeýledigine Russiýa Federasiýasynyň Saha Respublikasynyň M.K.Ammosow adyndaky Demirgazyk-gündogar federal uniwersiteti tarapyndan geçirilen «Folklor baradaky ylmyň häzirki zaman çäkleri: tekstleri öwrenmek, rowaýat ýerine ýetirijiligi hem sanly ulgamlaşdyrmak» atly halkara ylmy maslahat-da şaýatlyk edýär. Bu ylmy maslahat onlaýn arkaly geçirilip, onda Türkmenistandan, Russiýadan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan, Özbegistandan, Gazagystandan birnäçe sazandalar, sazşynaslar çykyş etdiler. Olar aýdym-saz sungatynyň wajyp meseleleriniň ençemesiniň üstünde durup geçdiler. Ýerine ýetirilen çykyşlaryň döwrebaplygy, öňde durýan maksatlary aýdyňlaşdyrmak üçin alnyp barylýan usullaryň talabalaýyklygy halkara maslahatyna gatnaşyjylarda gyzyklanma döretdi.

Bu halkara ylmy maslahatda ýurdumyzyň milli aýdym-saz sungatynyň käbir aýratynlyklary dogrusynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary, aspirantlary hem doktorantlary çykyş etdiler.

Röwşen MUHAMMEDOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy.