Okuw dersinde guramaçylyk işi

28 Noýabr 2021
1036

Ýaş nesliň bilimli-ylymly, asylly terbiýeli, ata Watanymyza, halkymyza wepaly bolup ýetişmeklerinde terbiýeçiler we mugallymlar wajyp wezipäni ýerine ýetirýärler. Mugallymyň zähmeti iň bir jogapkärli iş bolmak bilen, ol zähmetiniň miwesini köp ýyllaryň dowamynda görýär. Mugallymlar Watanyň röwşen geljegi bolan ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk döwrebap bilim almaklarynda iş usullarynyň iň kämilini saýlap alýarlar.

Islendik ynsanda çagalykdan maşgalada alan terbiýesi berk binýat bolup durýar. Ol onuň daş-töweregindäkiler bilen gatnaşyklarynda, gyzyklanmalarynda, gözýetiminde şöhlelenýär. Şeýlelikde, ýetginjeklik döwrüne çenli olarda belli bir möçberde maglumatlar toplanýar, düşünje emele gelýär, aňy we gözýetimi giňeýär. Köp zatlara, hususan-da hadysalara baha bermek hem-de olar barada pikir ýöretmek başarnygy döreýär. Orta mekdebi tamamlap, belli bir hünäri saýlap alyp, ol ugurdan bilimini artdyrmak-da onuň toplan durmuş tejribesi hünärleri ýeňillik bilen ele almagyna we işlemek usullaryny özleşdirmäge oňaýly täsir edýär.

Bahar HASANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.