Sanly bilimiň mümkinçilikleri

28 Noýabr 2021
992

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda aň-düşünjeli nesli terbiýeläp ýetişdirmek, olara döwrebap bilim bermek, hünär öwretmek boýunça giňişleýin işler alnyp barylýar. Şeýle wajyp işleriň barşynda dürli ulgamlarda, bilim ojaklarynda sanly ulgama geçmek işi netijeli häsiýete eýe bolýar.

Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek bu günki günde innowasion tehnika we programma üpjünçiligi bilen bagly bolup durýar. Ýaşlara bilim bermekde sanly ulgamyň uly ähmiýete eýedigini nazarda tutup, ýörite Konsepsiýa kabul edildi. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy hakynda aýratyn bellemegimiz gerek. Konsepsiýanyň esasy maksady elektron görnüşdäki maglumatlary sanly öwrenijiler arkaly köpçülige ýetirmekden ybaratdyr. Sapaklarda ulanyljak maglumatlar dolanyşygynyň kämilleşdirilmegi bilim pudagynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda — maglumatlar zamanasynda aragatnaşyk we maglumat, bilim ulgamyny baglanyşdyrmakda kompýuter tehnologiýasynyň orny ýokarlanýar. Şunda internetiň we maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçilikleriniň giňişleýin peýdalanylmagy mugallymlaryň we hünärmenleriň wagtlaryny tygşytlamagyna kömek edýär. Hyzmatlaryň gysga wagtyň dowamynda ýerine ýetirilmegi, şeýle hem kagyz görnüşinde ulanylýan maglumatlaryň azalmagy üçin, sanlylaşdyrylan ulgamyň döredýän mümkinçilikleri diýseň uludyr. Şonuň üçin häzirki döwürde ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagyna dünýäniň ähli döwletleri aýratyn ähmiýet berýärler. Sanly bilim we sanly ykdysadyýet ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda hem-de ilatyň bilim, ýaşaýyş derejesini ýokary götermekde giň mümkinçilige eýedir.

Altyn USSAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.