Ýurdumyzyň röwşen geljegi

1 Dekabr 2021
1022

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, şeýle-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021―2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi bilen, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmaklary üçin has oňaýly şertleri döretmekde düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Ýaş nesli watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe şöhratly geçmişimiz döwrebap dowam etdirilip, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, päk ahlakly, kämil hünärli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar bu gün döwletimiziň jemgyýetçilik, syýasy durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalaryň jümmüşinde bolup, olara işjeň gatnaşýarlar, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň döwrebap bilim almaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri, öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekleri, bäsleşige ukyply, netijeli ylmy işleri alyp barmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyz: «Beýik maksatlarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlarymyza bil baglaýarys» diýip, ýaşlara uly ynam bildirýär. Türkmen ýaşlary hem Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir» diýen dürdäne sözlerinden ugur alyp, ähli ulgamlarda netijeli zähmet çekýärler.

Gülşirin HATAMOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.