"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gurýan, döredýän gurply döwletimiz

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her ýylyň 3-nji noýabrynda ýurdumyzda  Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek hakynda 2023-nji ýylyň 4-nji noýabrynda gol çeken taryhy Permany  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň senenamasyny şanly baýramçylyk bilen baýlaşdyrdy. Bu ajaýyp baýram  ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklaryny ösdürmekde yhlasly zähmet çekýän ildeşlerimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Milli Liderimiziň beýik işlerini dowamat-dowama besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary bilen  durmuşa geçirilýän taslamalaryň ählitaraplaýyn çözgütleri özünde jemlemegi, şol bir wagtda önümçiligiň ösmegine, iş ýerleriniň artmagyna, ykdysadyýetimiziň ýokarlanmagyna ýardam etmek bilen birlikde, sanly eýýamyň ähli çözgütlerini özleşdirmek üçin milli hünärmenlerimize tejribe mekdebi bolýandygy diýseň guwandyrýar.  Sebitde ilkinji gezek gurlan, onlarça halkara sylaglaryna mynasyp bolan «akylly»  Arkadag şäheri bolsa bagtyýar döwrümiziň ajaýyp keşbi bolup dünýä ýalkym saçýar.

Elektroenergetika pudagynyň möhüm orny

Ekologik taýdan iň arassa önümçilik çeşmesi bolan elektrik energiýasynyň ýurdumyzdaky önümçiliginiň yzygiderli artdyrylmagy tutuş sebitde hem önümçiligiň artmagyna we ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyzyň 25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini yzygiderli  artdyrmak babatda durmuşa geçirilýän netijeli işleri görkezdi.

Halkymyzyň guwanjy

Milli gymmatlyklarymyzyň hatarynda ady dünýä dolan wepaly, edermen türkmen alabaýlaryna aýratyn orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen alabaýynyň taryhy we şu güni bilen bagly wakalary özünde jemleýän «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp kitaby bu babatda bahasyna ýetip bolmajak eserdir. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramyny giňden uly dabaralar bilen bellemek Arkadagly eýýamymyzyň asylly däbine öwrüldi. 

Arkadagdan ak pataly

Akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryna arzuw bolup ornan berkarar döwletiň ykbalymyza hemra bolmagynyň özi baş bagtyýarlykdyr.  Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda: «Ykbal ýyldyzy türkmene gurmagy, döretmegi, barha gülledip ösdürmegi, halklaryň arasynda agzybirligi jebisleşdirmegi, parahatçylygy gorap saklamagy, ynsan mertebesini hemme barlykdan zyýat tutmagy ruhy ýörelge edinmegi owalbaşda bagyş etdi» diýlip, bu taryhy häsiýete örän kämil kesgitleme berilýär. Biz hem ussat heýkeltaraş Saragt Babaýew bilen şular dogrusynda taýýarlan söhbetdeşligimizi «Adalat» gazetiniň okyjylaryna hödürleýäris. — Şu ýyl, ýagny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen atlandyrylan 2024-nji ýyl akyldar şahyrymyzyň arzuwlan berkarar döwletiniň taryhyna täze üstünlikleriň buýsançly beýanatyny ýazdy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde  zähmetde tapawutlanan ildeşlerimiziň hem-de Bitarap döwletimiziň rowaçlanmagyna şahsy goşandyny goşan daşary ýurt raýatlaryna Şa serpaýlary, ýagny hormatly atlar, döwlet sylaglary gowşuryldy. Şol dabaraly mejlisde size Türkmenistan

Türkmen manady — durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýji

Taryha ser salsak, dürli döwürlerde pullaryň birnäçe görnüşleriniň ulanylandygyna göz ýetirmek bolýar. Puluň giňden peýdalanylmagy bilen durmuş we ykdysady gatnaşyklar has kämilleşdi. 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan ýurtda kabul edilen Kanuna laýyklykda, ýeke-täk kanuny töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde türkmen manady we onuň bölek şaýylyklary bolan teňňe dolanyşyga girizildi. Şu ýyl milli pul birligi bolan türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegine 31 ýyl bolýar. Milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmegi gönüden-göni pul bilen bagly bolan birnäçe meseleleri çözmegi talap etdi. Olardan manadyň durnuklylygyny, kadaly hereketini ýola goýmak, goraglylygyny üpjün etmek, satyn alyp bilijilik ukybyny ýokarlandyrmak ýaly çäreleri görkezmek bolar.

Intellektual eýeçiligiň hukuk goragy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatyna esaslanyp, halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga  gönükdirilen aýdyň maksatlara eýerýär. Bu maksada ýetilmegi isleg bildirilýän önümleriň ýurdumyza  getirilmegine we ondan dünýä bazarlaryna çykarylmagyna döwlet tarapyndan gümrük gözegçiligini amala aşyrýan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gündelik işleri bilen berk baglanyşyklydyr. Ýakynda, has takygy, 25-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Halkara gümrük terminalynda harytlar gümrük serhedinden geçirilende, intellektual eýeçilige hukuklary goramak boýunça pudagara maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň jogapkär hünärmenleri, patent ynamdarlary hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Arzygül GYLYJOWA, Aşgabat şäher prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi:  — Biz hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda  bitirýän nusgalyk işleriniň netijesinde guwandyryjy wakalaryň, hoş habarlaryň şaýady bolýarys. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habar kalplarymyzy buýsanç duýgusyna besledi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsiniň we sebitdäki hemme ýurtlaryň bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän asylly başlangyçlary BMG-niň çäklerinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilýän Kararnamalarda öz beýanyny tapýar.

Watan söýgüsi

Bir ýigit ussadynyň ýanyna gelip: «Men Watanymy söýýärin, emma ony nädip beýan etjegimi bilemok. Maňa siziň hemaýatyňyz gerek!» diýýär. Ussat ýigidi bir çeşmäniň ýakasyna alyp barýar. Çeşmeden suwuň yzygiderli akyp durandygyny görkezip: «Bu çeşme Watany nädip  söýmelidiginiň ajaýyp mysalydyr» diýýär. Soňra ol ýaş ýigidiň gözlerine bakyp: «Watany söýmek hem şuňa meňzeýär. Çeşmäniň suwy kesildigi ol, eýýäm,  çeşme bolup bilmeýär. Sen Watana söýgiňi dowamlylyga, yzygiderlilige öwürmeli. Onuň edil çeşme suwy ýaly kesilmäge haky ýokdur. Watanyň mertebesi we keramaty biziň oňa dowamly söýgimizdedir» diýýär.

Beýik döwrüň belent bady

Milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işleriň yzygiderli geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde nygtaýşy ýaly, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli zähmet çekmek, Watanymyzyň gülläp ösüşine goşant goşmak bagtyýar nesilleriň baş maksady bolup durýar.

Köňül köşgüniň zergäri

Akyldar şahyrymyzyň doglan senesiniň şanly 300 ýyllygynyň halkara gerimler bilen ýaýbaňlandyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň ruhy baýlygyny ähli zatdan ileri tutýandygynyň buýsançly beýany bolup dabaralandy. Şu ýylyň şygary hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyna eýlenen ajaýyp goşgusynyň adynyň saýlanyp-seçilmegi hem-de şahyryň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejesinde giňden bellenilip geçilmegi halkymyzyň medeni durmuşyndaky iň bir şanly wakalaryň toplumyna öwrüldi. Şu ýylyň 17-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy ýylyň iň guwandyryjy wakalarynyň birine öwrüldi. Türkmeniň paýhas hazynasynyň hormatyna paýtagtymyzyň gözel künjeginde diklenen boýy altmyş metrlik heýkel bilen şahyryň adyny göterýän, dünýäniň söz ussatlarynyň 24 sanysyny özünde jemleýän medeni-seýilgäh bu taryhy hakykatyň nobatdaky gezek dabaralanmasy boldy.

Sportuň peýdasy

Alym Arkadagymyz «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly kitabynda: «Häzirki zaman lukmançylygynda käbir näsaglyklary bejermekde sportuň hyzmaty uludyr. Esasan hem oňurga näsaglyklarynda beden türgenleşdiriji maşklardan peýdalanylmagy öz netijesini berýär» diýip, parasatly belleýär. Hakykatdan-da, tejribeleriň görkezişi ýaly, her bir ynsan näçe ýaşandygyna garamazdan, hereketde bolmalydyr. Hereketiň adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde ähmiýeti uludyr. Pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, tigir sürmek, gimnastika, aerobika we maşklar bilen meşgullanmak bedeniň taplanmagyna, adamyň immunitetiniň berkemegine   itergi berýär. Pyýada ýöremek beden we ruhy sagdynlyk üçin iň ýakymly we peýdaly maşkdyr. Pyýada ýöremek üçin tämiz howaly açyk meýdana çykmaly. Islendik hereketi 5 minutlap arkaýyn ýöremekden başlamaly.

Guradylan otluçöp

Ejemiň, kakamyň işden gelerine entek bir-iki sagat wagt bardy. Mekdepde öýe berlen ýumuşlary ýerine ýetirip, okamaly kitaplarymy okanymdan soň, birazajyk telewizora güýmenesim geldi. Emma nämüçindir telewizoram onçakly ünsümi çekmedi. Nämä güýmenjegimi pikirlenip otyrkam, birden kelläme gowy pikir geldi. «Gowusy ejem-kakam gelýänçä çaý demläp, heýgenek bişireýin-le» diýdim. Heýgenek bişirmegi juda gowy görýärdim. Onsoňam «Bu gün nahary men bişirsem ejem işden gelip, arkaýyn dynç alar» diýip göwün ýüwürtdim. Şol niýet bilen aşhana bardym. Gazy ýakmak üçin alan otluçöpli gutym tötänlikde suwly käsäniň içine gaçaýdy. Men ilki otluçöpleri gabyndan çykardym-da, penjiräniň öňünde serip goýdum. Emma ol wagty bilen gurarly däldi. Ep-eslije garaşdym, şonda-da otluçöpler çygdy. Indi näme etmeli?! Bu gün ejemi begendirjegim gara çynymdy. Pikirlenip-pikirlenip, tapan çykalgamam otluçöpleri ütük bilen guratmak boldy.

Şygryýet bossany

Şäherleriň bossany Jahan içre bina bolmuş, ylla jenneti mekan,Pederlerden seda gelmiş: «Ymaratyň sogaby kän!»,Oguz handan pata almyş Arkadagym — Watana şan!Arkadag gurduran şäher — şähri-bossansyň, Arkadag!

Halkyň kalbyna siňen şahyr

Türkmen halky Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň sarpasyny belent tutýar. Ýurdumyzda şahyryň dürdäne şygyrlarynyň, baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegi, olaryň dünýä dillerine terjime edilmegi babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyzyň milli guwanjyna öwrülen türkmeniň beýik şahyry we akyldary, türkmen edebi dilini baýlaşdyran Magtymguly Pyragynyň şygyrlary halkyň hakydasynda hemişelik orun aldy. Şahyryň şygyrlary naýbaşy medeni  gymmatlyklaryň biri bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ruhy taglymatlarynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.  Akyldar şahyryň ömür we döredijilik ýoluny çuňňur öwrenmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler abraýly halkara guramalaryň, dünýä ýurtlarynyň uly goldawyna eýe boldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilip,  şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi akyldara goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulandygy hem uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Bularyň ählisi söz ussadyna goýulýan belent hormatyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Magtymguly P

Magtymguly — sözlär tili türkmeniň

Watan ynsan üçin iň uly gymmatlyk. Ynsan köňlüniň bezegi bolan  watansöýüjilik duýgusy bolsa ata-babalarymyzyň ýaşap öten topragyna bolan söýgüden, pederlerimizden miras galan milli ýörelgelerimize bolan belent buýsançdan, ata Watanymyzyň  Garaşsyzlygyny gözüň göreji deýin gorap saklamakdan başlanýan duýgudyr. 70-den gowrak döwlet gurup, äleme özüni ykrar etdiren türkmen halky gadym döwürlerden bäri özbaşdak döwletli bolmak arzuwy bilen ýaşapdyr. Magtymguly Pyragynyň, onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň  ýazan şygyrlary  halkyň aňynda özbaşdak, agzybir döwleti gurmak hakyndaky düşünjeleriň kemala gelmegine badalga bolupdyr. Magtymguly Pyragy mähriban pederi Döwletmämmet Azadynyň döwlet gurmak, ony kämillige ýetirmek baradaky pikirlerini ösdürip, halka düşnükli çeper dilde beýan edipdir. Onuň  «Türkmeniň» atly goşgusynda eger halk bir maksada, bir ýörelgä gulluk etse, onda şol birleşen güýjüň dag-daşlary owradyp, türkmen halkynyň şan-şöhratyny arşa göteriljekdigi beýan edilýär.

Bitarap Türkmenistan — parahatçylygy, dostlugy, hyzmatdaşlygy ösdürýär

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde berkarar döwletimiz ähli ugurlarda sazlaşykly ösüşleri gazanýar. Içeri we daşary syýasatdaky üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň bagtyýar şu gününi, nurana geljegini nazarlaýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda her bir raýatyň saglygynyň, durmuş goraglylygynyň, hukuklarynyň we azatlygynyň üpjün edilmegi ugrunda döwlet tarapyndan uly işler ýerine ýetirilýär. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!». Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz däp bolan medeni gatnaşyklary berkitmek arkaly halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy goldamaga aýratyn ähmiýet berýär. Ýakynda paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň geçirilmegi hem munuň nobatdaky mysalydyr. Gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan döredijilik çäresi türki dilli halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da pugtalandyryp, gurama agza ýurtlaryň sungat ussatlarynyň özara pikir alyşmaklaryna uly mümkinçilikleri döretdi. Şeýle festiwallar, döredijilik duşuşyklary ynsanlary biri-birlerine ýakynlaşdyrýar, halklary dostlaşdyrýar.

Döwletli çözgütler, aýdyň maksatlar

Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan taryhymyza ser salnanda, arkama-arka, nesilme-nesil şu günlerimize gelip ýeten türkmençilik däplerimize we milli ýörelgelerimize berk eýerilýändiginiň şaýady bolýarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýuny dabaraly ýagdaýda belleýän ýyly akyldar şahyrymyzyň doglan senesiniň 300 ýyllygynyň halkara derejede dabaralandyrylýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna gabat geldi. Altyn güýzüň jana şypaly günlerinde, ýagny 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda ýerleşýän Maslahat köşgünde uly üstünliklere beslenip geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi milli demokratiýamyzyň halkara giňişligindäki dabaralanmasy boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ulus-ili bir supranyň başyna jemläp, agzybirlikde, jebislikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilen bu umumymilli foruma jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we dürli nesilleriň wekilleriniň gatnaşmagy giň many-mazmuna eýe boldy.

Magtymgulynyň şygyrlary — ynsan kalbynyň şamçyragy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli örän ýokary derejeli, halkara ähmiýetli forumlaryň, dürli görnüşli dabaralaryň geçirilýändigi hemmämizi buýsanja besleýär. Golaýda geçirilen hökümet maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň ýokary derejede guralandygyny bellemegi medeni diplomatiýanyň, halkara hyzmatdaşlygyň giň gerime eýe bolýandygyny tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň halkara forumdaky çykyşynda  jaýdar nygtaýşy ýaly, Magtymgulynyň baý mazmunly beýik mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi. Onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky çuňňur pikirleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenleriň milli häsiýetiniň kemala gelmeginde uly hyzmaty bitiren akyldar şahyr köp ýurtlara aýlanyp görüp, dünýä akyl ýetiripdir. Bu bolsa onuň aň-düşünjesinde öçmejek yz galdyrypdyr, dünýägaraýşynyň kämil bolmagyna, halklaryň arasynda

Döwrüň beýik taglymaty

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda» Permana gol çekmegi halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň halkara syýasy giňişliginiň ygtybarly agzasy hökmünde açyk, parahatçylyk söýüji, oňyn we aýdyň daşary syýasaty alyp barýandygyny, sebitleýin hem-de halkara derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde dünýäde uly orun eýeleýändigini, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýandygyny aýdyň görkezdi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllyk şanly senesiniň dabarasyny belende göterdi.

Ykdysadyýetimiziň möhüm pudagynda

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň uglewodorod çig mallaryna baý ýataklaryndan alynýan «gara altyndyr» «mawy ýangyjyň» möçberlerini durnukly artdyrmak nebitgaz pudagynyň işgärleriniň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. «Türkmenistanyň Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, tebigy ýataklaryň ýerasty gurluşyny ylmy esasda anyklamak, uglewodorod çig mallarynyň gorlarynyň jemlenen ojaklaryny ýüze çykarmak, olary ylmyň gazananlaryna hem-de öňdebaryjy tejribelere daýanyp, senagat taýdan özleşdirmek we durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň durnukly ösdürilmegi maksatnamalaýyn esasda alnyp barylmak bilen, onuň hukuk esaslarynyň düýpli özgerdilip, döwrebaplaşdyrylmagy yzygiderli häsiýete eýe bolýar. 2008-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistan «Nebit bilen hapalanmakdan ýeten zeper üçin raýat jogapkärçiligi baradaky» halkara konwensiýasyna goşuldy. 2012-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa degişli Nebit bilen hapalanma getirýän hadysalar ýagdaýynda sebitleýin taýýarlyk, jogap hereketleri we hyzmatdaşlyk hakynda Teswirnamasyny» tassyklady. «Uglewodorod gazy we gaz üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda gaz çygryndaky we gaz üpjünçiligindäki gatnaşyklaryň hukuk, ykdysady we guramaçylyk