Ykdysadyýetimiziň möhüm pudagynda

24 Oktýabr 2024
304

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň uglewodorod çig mallaryna baý ýataklaryndan alynýan «gara altyndyr» «mawy ýangyjyň» möçberlerini durnukly artdyrmak nebitgaz pudagynyň işgärleriniň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. «Türkmenistanyň Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, tebigy ýataklaryň ýerasty gurluşyny ylmy esasda anyklamak, uglewodorod çig mallarynyň gorlarynyň jemlenen ojaklaryny ýüze çykarmak, olary ylmyň gazananlaryna hem-de öňdebaryjy tejribelere daýanyp, senagat taýdan özleşdirmek we durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň durnukly ösdürilmegi maksatnamalaýyn esasda alnyp barylmak bilen, onuň hukuk esaslarynyň düýpli özgerdilip, döwrebaplaşdyrylmagy yzygiderli häsiýete eýe bolýar. 2008-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistan «Nebit bilen hapalanmakdan ýeten zeper üçin raýat jogapkärçiligi baradaky» halkara konwensiýasyna goşuldy. 2012-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa degişli Nebit bilen hapalanma getirýän hadysalar ýagdaýynda sebitleýin taýýarlyk, jogap hereketleri we hyzmatdaşlyk hakynda Teswirnamasyny» tassyklady. «Uglewodorod gazy we gaz üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda gaz çygryndaky we gaz üpjünçiligindäki gatnaşyklaryň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär we gaz bazarynyň netijeli işlemegi, gaz üpjünçilik ulgamlarynyň obýektleriniň ygtybarly hem-de howpsuz ulanylmagy üçin şertleri döretmegiň kadalaryny özünde jemleýär. «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Hazar deňziniň türkmen bölegini goşmak bilen, Türkmenistanyň çäginde uglewodorod serişdeleriniň gözleginiň, gazylyp alnyşynyň we gaýtadan işlenilişiniň hem-de nebit işleriniň beýleki görnüşleriniň ýerine ýetirilişiniň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kesgitleýär we uglewodorod serişdeleriniň oýlanyşykly peýdalanylmagyny we Türkmenistanyň tebigy baýlyklarynyň geljekki nesiller üçin goralyp saklanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ýunus MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.