Ýyllar düşümli gelsin!

19 Dekabr 2024
74

2024-nji  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly  ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda uly üstünlikleriň  gazanylan ýyllaryň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, 15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklary ýalkym saçdy.

Munuň özi Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga boldy. Sekizburçly ýyldyz we «2025» ýazgy bilen bezelen Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir. Bu dabara her ýyl «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilýär. Arçanyň töwereginde çagalaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi Aýazbabany we onuň agtygy Garpamygy garşyladylar. Aýazbaba we Garpamyk dabara gatnaşýan ähli körpeleriň adyndan hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza hem-de ähli türkmen halkyna ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, arzuwlaryny beýan etdiler.  Dabarada hormatly Prezidentimiziň adyndan süýjülikleriň we sowgatlaryň gowşurylmagy ýaşajyk türkmenistanlylar üçin ýatdan çykmajak pursatdyr. Ýetip gelýän Täze ýyl düşümli bolsun, eziz ildeşler!

Göwher HYDYROWA,
Aşgabat şäher prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.