Magtymguly Pyragynyň hakykaty

19 Dekabr 2024
99

Her bir beýik şahsyýetiň filosofiýasyna düşünmek, oňa baha bermek, onuň ýaşap geçen döwrüni doly öwrenip, ony öz önüp-ösen dünýäsiniň şol wagtky şertlerinde göz öňüne getirmek bilen mümkin bolup biler. Onuň düýp sebäbi hem her bir ynsanyň mertebesi öz ýaşan döwrüne we onuň talaplaryna dogry düşünmek bilen, özüniň taryhy wezipesini näderejede ýerine ýetirendigi hem-de öz halkyna we bütin adamzada eden hyzmatlary bilen kesgitlenýär. Şu hakykaty nazara almak  bilen, biz Magtymguly Pyragynyň beýikligine, danalygyna dogry we doly göz ýetirmek üçin halkymyzyň taryhynyň döwürlerine göz aýlamaly bolýarys.

Magtymguly Pyragy il-güni barada, şol bir wagtda, Watanyň geljegi barada alada eden beýik şahyrdyr. Ol öz döredijiligi arkaly halky agzybirlige, bir döwletlilige çagyrypdyr. Magtymguly — edep-terbiýäniň, watansöýüjiligiň, arassa ahlaklylygyň, ynsanperwerligiň ebedi mekdebini döreden beýik akyldar.

Abdylla BERDINAZAROW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Weteranlar geňeşiniň agzasy, ätiýaçdaky polkownik.