"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine...»

Ýyldyzlar dürli gyzgyn gazlardan ybarat bolan we tebigy görnüşde özi yşyklanýan asman jisimleridir. Ylymda ýyldyzlar dünýäsiniň tebigaty, gözellikleri, täsinlikleri bilimleriň astronomiýa pudagynda düýpli we çuňňur öwrenilýär. Irki orta asyrlarda oguzlaryň, grekleriň, hindileriň, araplaryň, hytaýlylaryň astronomiýa ylmynyň pajarlap ösmegine uly goşant goşandygy taryhy edebiýatlarda beýan edilýär. Sanýetmez ýyldyzlaryň hataryndaky asman jisimlerine şahsyýetleriň adyny dakmak dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy, medeni we halk hojalyk pudaklaryny ösdürmek hem-de sebitlerdäki jemgyýetleriň we döwletleriň öňünde hünär ussatlygy, öňdebaryjy durmuş tejribesi, tebigy zehini, taryhy täzeçilligi, göreldeli hyzmatlarynyň üstünlikli häsiýetleri bilen aýratyn tapawutlanan halatynda ýerine ýetirilýär.

Watanymyzyň nurana geljegi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sahawatly tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýar ýaşamagy, bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, sagdyn bedenli, terbiýeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän  maksatnamalar «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyzyň çaga durmuşyndaky dabaralanmasy bolup kalplary joşdurýar. Esasy Kanunymyzda beýan edilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýar. Adam hukuklary boýunça  halkara konwensiýalarynyň we jarnamalarynyň ynsanperwerlik, sahawatlylyk, hoşamaý garaýyşlar baradaky ýörelgeleriniň çuňňur many-mazmuny siňen «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda»,  Bedenterbiýe we sport hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, Türkmenistanyň Zähmet, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksler hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar çagalaryň sagdyn we erkin durmuşda bagtyýar ulalmaklary üçin geçirilýän işleriň hukuk binýady bolup hyzmat edýär. 

Sport — üstünlikleriň dowamy

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary hem zähmet üstünlikleri bilen birlikde, sport ýeňişleriniň sanyny-da dowamly artdyrýarlar.  Sport türgenlerden uly taýýarlygy, agzybirlikde ýerine ýetirilmeli sazlaşykly hereketleri talap edýär. Olaryň sport taýýarlygy ýeňşe, üstünlige, sepgitlerden-sepgitlere badalgadyr. Gullugymyzda hem sport türgenleşikleri yzygiderli alnyp barylýar. Şol ýadawsyz türgenleşikleriň netijesinde, gullugymyzyň harby gullukçylary sport bäsleşiklerinde uly üstünlikleri gazanmagy başarýarlar.

Ynsanperwerlik ýörelgesiniň dabaralanmagy

Her bir adamyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň esasy aladalarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ynsanperwerlikdir. Milli kanunçylyk ulgamynyň döwrüň täze talaplaryna laýyk getirilmegi ata-babalarymyzdan miras galan adalatlylyk, deňlik we ynsanperwerlik kadalaryna daýanýar. Türkmenistan halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikde raýatlygy bolmadyk adamlaryň, şeýle hem bosgunlaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça degişli işler amala aşyrýar. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we ýagşylyk etmek ýaly ýörelgelerinden ugur alnyp, adam hukuklaryny, azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerilip, 1 müň 146 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi, 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagta çenli ýurdumyzda ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk 30 müň 998 ad

Bag ekmek — asylly ýörelgämiz

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Tutuş adamzadyň üns merkezinde duran ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Daşky gurşawy goramagyň we howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň derwaýyslygy, ilkinji nobatda, bu meseleleriň diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde örän wajyplygy hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy bilen baglydyr.

Bolçulygyň mekany

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda obasenagat toplumynda durmuşa ornaşdyrylan özgertmeler bäsdeşlige ukyply, eksport mümkinçiliklerimizi artdyrýan önümleri öndürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda bu pudaga uly üstünlikleri getirdi. Ýurdumyzyň bolçulygyň hem berekediň mekanydygyny tassyklaýan guwandyryjy ösüşler Milli Liderimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly eserinde ýazan sözlerini ýadyňa salýar. Bu ajaýyp eserde nygtalyşy ýaly, Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen diňe önümçilik ulgamy däl, durmuş düzümleri hem uly ösüşlere eýe boldy. Şeýlelikde, oba adamlarynyň hal-ýagdaýy barha ýokarlanýar.

Parahatçylygyň, dostlugyň we ösüşiň ýoly

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulag geçelgelerini döretmekde öňe sürýän parasatly başlangyçlary dünýäde parahatçylygy berkitmekde, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de hyzmatdaşlygy ilerletmekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginde öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary we halkara giňişliginiň wakalary Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Mähriban Watanymyzyň dünýä ykdysadyýetinde hem-de Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaýbaňlanmagynda nähili ornunyň bardygyna düşünip, biz tutuş sebitde durnuklylygy hem-de parahatçylygy mundan buýana hem berkitmekde ähli başarnyklarymyzy jemleýäris, munuň özi adamzadyň geljekki ösüşleriniň hatyrasyna giň möçberli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmegimiz üçin esasy şert bolup durýar» diýen sözleriniň gymmatyny artdyrýar.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Aşyrmuhammet MARLIÝEW,  Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi: — Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Biz merdana Watan goragçylarynyň öz mukaddes borçlaryny yhlasly hem döredijilikli gulluk bilen mynasyp ýerine ýetirmekleri üçin ähli şertleri döredýäris» diýip, buýsançly nygtaýar.  Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň 6-njy noýabrda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi onuň aýdyň beýany boldy.

Maldarçylykda tohumçylyk işi

Ýurdumyzda mallaryň genofonduny aýap saklamaga we artdyrmaga, olaryň önüm berijilik hilini üznüksiz ýokarlandyrmaga hem-de gowulandyrmaga gönükdirilen «Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bu pudagyň tohumçylyk işiniň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek bilen birlikde, tohum maldarçylygy babatda işleýän döwlet edaralarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň işini  düzgünleşdirýär. Bu Kanunyň 39-njy maddasynda beýan edilen kadalar esasynda ýurdumyzda tohum maldarçylygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan höweslendirmek, bu boýunça edaralara, tohum maldarçylygyna goldaw  hökmünde döwlet kepillendirmelerini, ýeňillikli karzlary, salgyt we beýleki ýeňillikleri bermek görnüşinde amala aşyrylýar.

Köňülleriň hossary

Ruhy dergähiň bosagasynda...            Dostuň öýi köňüldedir,            Köňüller ýapmaga geldim. 

Watan waspyn sözlän şahyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň watançylyk, mertlik, gahrymanlyk, ynsanperwerlik, belent ahlaklylyk, halallyk, ruhubelentlik bilen bagly paýhaslar içinden eriş-argaç bolup geçen şygyrlarynyň ähmiýeti örän uludyr. Ol goşgular biziň üçin ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly çeşmedir. Şahyr watançylyk temasyndaky «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Döker bolduk ýaşymyz», «Ýeli Gürgeniň», «Başy gerekdir» ýaly ençeme goşgulary döredipdir.

Döwre şan beren akyldar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 11-nji oktýabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Ol Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek maksady bilen guraldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň forumdaky: «Magtymguly Pyragynyň mirasy biziň üçin uly baýlykdyr. Akyldar şahyryň wesýetlerine wepaly bolmagy biz mukaddes borjumyz hasaplaýarys. Onuň wesýetlerine eýermek bilen, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, berkarar döwletliligimizi mundan beýläk-de berkideris. Beýleki döwletler bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklarymyzy giňelderis. Biz parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine öz goşandymyzy goşmaga hemişe taýýardyrys» diýen sözleri bolsa biz — ýaşlar üçin Watan şöhratyna şan goşmaga, ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmelere öz goşandymyzy goşmaga çagyryş bolup ýaňlandy.

Şygryýet bossany

Baky Bitaraplyk Baky Bitaraplyk — belent dereje,Baky Bitaraplyk bagtyýarlykdyr.Çawundan günsaýyn nurlanýar geljek,Bitaraplyk berlen ygtyýarlykdyr.

Peýdaly maslahatlar

✓ Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek üçin paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli. ✓ Arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda kabul etmeli. ✓ Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Güler ýüz

Süýji dilli, güler ýüzli bir ýigit bal satýarmyş. Ol şeýlebir nurana, özüne çekiji ýigitmiş welin, mähirli ýylgyryşy bilen köňüllerde ýer edip, halka ýaranmyş. Ol şeýle özüne çekiji mylaýym ýigitmiş welin, örän pes hilli bal satsa-da, alyjylar onuň elinden baly şerbet hökmünde kabul etjekmişler. Günleriň birinde bir adam bu ýigidiň söwdasyny görýär we onuň gazanjyna göriplik edýär. Ertesi gün ol adam başynda baly, ýüzünde «sirkesi» bilen şähere aýlanyp başlaýar. Gykylyklap, köçe-köçe aýlanyp, balyny satjak bolýar. Emma näme üçindir balyna müşderi-hä aňyrda dursun, siňekdir, mör-möjeklerem gonmaýar. Ol adam uzakly gün surnugyp, agşam gaty gamgyn we gahar-gazaply, eli gazançsyz öýüne gaýdýar. Gahardan ýaňa ýüzi-gözi gamaşyp duran adamsyny gören aýaly degişme äheňinde: «Ýüzi turşy bolanyň, baly ajy bolar, güler ýüz ynsanlary özüne çekýär» diýýär.

Berjaý edilmeli kadalar

Mähriban watandaşlar, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy howanyň sowap başlan günlerinde  ýaşaýyş, edara jaýlaryny ýyladýan elektrik we gaz peçleriniň gurnalyşy, ulanylyşy hem-de ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň dogry berjaý edilişi barada öz maslahatlary bilen ýüzlenýär. • Aşagyna oda durnukly çig maly düşemezden, elektrik gyzdyryjy enjamlaryny ýanyjy öý goşlarynyň, penjireleriň perdeleriniň golaýynda goýup  ulanmak gadagan edilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitindäki ÇYKYŞY

(Kazan şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabry) Hormatly döwlet Baştutanlary,

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine

Häzirki wagtda Türkmenistan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatdaky ählumumy tagallalara özüniň mynasyp goşandyny goşýan, sebitde we dünýäde abraýly döwlet hökmünde tanalýar. Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda milli bähbitlerimiz dünýä bileleşiginiň umumy bähbitleri bilen doly sazlaşýar. Bu bolsa häzirki döwrüň möhüm meýilleriniň çuňňur we toplumlaýyn seljerilmeginde hem-de ösüşiň ählumumy işlerine köpugurly goşulmagynda döwletimiziň tutýan ornunyň has-da pugtalanmagyna ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty diňe bir eziz Watanymyzyň geljekki gülläp ösüşine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş dünýä halklarynyň abadançylygyny üpjün etmegi nazarlaýar. Döwletimiziň dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň giňelmeginde hemişelik Bitaraplyk derejesine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak babatda Türkmenistan iri halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen özara gatnaşyklary barha ösdürýär.

Sagdyn durmuş ýörelgeleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça öňe süren başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, bu resminama dünýäniň 87 döwleti awtordaş bolup çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň  25-nji oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresi  geçiriler. Hormatly Prezidentimiziň: «Bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlalyň, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşuralyň!» diýen sözleri ähli ildeşlerimizi begendirdi.

Halkyň bagtyýarlygy — ýetilen belent sepgitler

Mälim bolşy ýaly, 25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Garaşsyz, özygtyýarly Türkmenistanyň kuwwatly döwlete öwrülendigi, halkymyzyň bagtly, eşretli durmuşy biziň ýeten belent sepgitlerimizden habar berýär. Türkmenistan öz halkynyň rahat durmuşy, tutuş adamzadyň bagtyýar, abadan ýaşaýşy, dünýäde parahatçylygyň, dostana gatnaşyklaryň pugtalanmagy ugrunda mundan beýläk hem ähli tagallalary eder» diýlip buýsanç bilen beýan edilýär. Bu sözlere berk eýerilýändigine nobatdaky mejlisiň dowamyndaky berlen hasabatlar hem mysal bolup bilerler.