Parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine

31 Oktýabr 2024
212

Häzirki wagtda Türkmenistan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatdaky ählumumy tagallalara özüniň mynasyp goşandyny goşýan, sebitde we dünýäde abraýly döwlet hökmünde tanalýar. Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda milli bähbitlerimiz dünýä bileleşiginiň umumy bähbitleri bilen doly sazlaşýar. Bu bolsa häzirki döwrüň möhüm meýilleriniň çuňňur we toplumlaýyn seljerilmeginde hem-de ösüşiň ählumumy işlerine köpugurly goşulmagynda döwletimiziň tutýan ornunyň has-da pugtalanmagyna ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty diňe bir eziz Watanymyzyň geljekki gülläp ösüşine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş dünýä halklarynyň abadançylygyny üpjün etmegi nazarlaýar. Döwletimiziň dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň giňelmeginde hemişelik Bitaraplyk derejesine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak babatda Türkmenistan iri halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen özara gatnaşyklary barha ösdürýär.

Süleýman DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Maglumatlar merkeziniň müdiri.