"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bagtyýar durmuşyň höziri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ýokary derejeli ýaşaýyş şertlerini üpjün etmegiň hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyz üçin gurulýan häzirki zaman obalar, şäherler, önümçilik maksatly desgalar hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen döwlet ideologiýasyny aýdyň dabaralandyrýar. Döwletimiz tarapyndan binalaryň we desgalaryň eýeçilik goragynyň kanun taýdan üpjün edilmeginiň yzygiderli kämilleşdirilmegi bolsa raýatlarymyzyň sapaly durmuşda ýaşamaklary, döredijilik joşguny bilen ruhubelent zähmet çekmekleri üçin şertleri döredýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 51-nji maddasynda bellenen kadalara laýyklykda, ýurdumyzda her bir raýata  ýaşaýyş jaýyny, abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almaga ýa-da edinmäge, özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmaga döwletiň goldawy berilýär.  Esasy Kanunymyzda bellenilişi ýaly, ýaşaýyş jaýy eldegrilmesizdir. Ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan adamlaryň erkine garşy ýa-da kanuny esaslar bolmasa, hiç kimiň ýaşaýyş jaýyna girmäge ýa-da onuň eldegrilmesizligini başga bir ýol bilen bozmaga hukugy ýokdur. Kanunda bellenilen esaslar bolmasa, hiç kim ýaşaýyş jaýyndan mahrum edilip bilinmez.

Zyýarat

Aşgabadyň beýle çalt üýtgäýşini diýsene, tanar ýaly bolmandyr. «Bar, tap!» diýseler, bilýänje ýerlerim «Teke bazar», «Gülüstan» bazary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti diýäýmesem, men-ä, dogrusy, ozalky öz ýaşan ýerimem taparyn öýdemok. Sähelçe wagtyň içinde Aşgabadyň şeýle kaşaň bir şähere öwrüljegini göz öňüne getiribem bilmezdik. Ýurt döwletli döwranyň gujagyna dolanda, bolaýjak ekeni, gör-ä, bu tämiz köçeleri, serhowuzly baglary... Uzagyndan guwandyrsyn...

Şygryýet bossany

Beýik türkmen danasy Ürç edip öwrenýänim halkymyzyň taryhy,Taryhy eserlerde Watanmyzyň tarypy,Aýan eder okasaň nätakygy, takygy,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Gymmatly baýlyk

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň kuwwatyny pugtalandyrmakda, halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmakda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge, raýatlaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen netijeli öňüni alyş çäreleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.  Ýiti  respirator wiruslar sebäpli döreýän dem alyş ýollarynyň esasy keselleriniň biri hem ýiti bronhit keselidir. Ol ýiti  respirator wiruslar sebäpli döreýän bronhlaryň nemli bardasynyň alawlama ýagdaýydyr. Respirator wiruslaryna birnäçe ýokançlyklar birigip bilýär. Şeýle hem traheit, laringit, rinofaringit ýaly keseller ýüze çykyp bilýär. Bronhitiň döremegine sowuklama, çilimkeşlik, alkogolly içgiler, burundan dem almagyň bozulmagy, döş kapasasynyň şekiliniň üýtgemegi sebäp bolýar. Himiki (gyjyndyryjy gazlar) ýa-da fiziki (sowuk ýa-da yssy howa) täsirleriň netijesinde hem ýiti bronhit döräp biler. Bronhitiň esasy alamaty üsgülewükdir. Ol gury ýa-da gakylykly bolýar. Ýiti bronhitde üsgülewük tutgaý görnüşli bolýar. Käte tutgaý görnüşli üsgülewük şeýle bir güýjeýär, hatda kellagyryny hem döredip bilýär. Ol ysgynsyzlyga, üşütmä, gyzgynyň galmagyn

Howpsuzlyk — rahatlyk

Mähriban adamlar, öýüňizden, iş ýeriňizden çykyp gitmeziňizden öň, elektrik-gaz enjamlaryňyzyň öçürilendigini barlamagy unutmaň! Elektrik, gaz enjamlaryny işjeň ýagdaýda, köp wagtyň dowamynda gözegçiliksiz goýmagyň örän howpludygyny unutmaň! Durmuşda ulanylýan elektrik, gaz enjamlaryna  geleňsizlik bilen çemeleşmegiň, kähalatlarda bolsa oňa sowuk-sala garamagyň garaşylmadyk nogsanlyklaryň üstünden eltýändigini ýatdan çykarmaň! Elektrik hem-de gaz enjamlary biziň durmuşymyzy ýeňilleşdirýän amatlyklardyr. Şonuň üçin, ilkinji nobatda, öýleriň gaz we elektrik ulgamynyň gurnalyşynyň talabalaýyk bolmagyny gazanmaly. Daşky örtügi zaýalanan, zeper ýeten, köne elektrik geçirijilerini çalyşmaly. Elektrik ulgamyna bir wagtyň özünde çendenaşa köp elektrik sarp ediji enjamlaryň birikdirilmegine ýol bermeli däl. Elektrik gyzdyryjy enjamlaryny öý goşlarynyň, mebelleriň, penjireleriň tutularynyň golaýynda goýmak gadagan edilýär.

Jaýdar jogap

Bir baý adam täze jaýyna göçüp barýar. Onuň görip goňşusy bar eken. Ol oňa göriplik edip, zibilli bedräni goňşusynyň gapysynda goýýar. Bu ýagdaý her gün gaýtalanýar. Irden baý goňşusy howlusyna çykanda, zibilli bedräni görýär. Bedräni arassalap, ýuwup, içine-de bagynyň almalaryndan salyp, goňşusynyňka barýar. Gapy kakylandan görip goňşy: «Ahyr geldiňmi?!» diýip, içini gepledip, goh etmäge taýýar bolup gapyny açýar. Baý goňşusy bolsa oňa almaly bedräni uzadyp: «Her kim özünde bar zadyny paýlaşýar!» diýip ýylgyrypdyr.

Berkarar döwletiň buýsançly gadamlary

Dost-doganlygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň mekany bolan Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler her bir türkmenistanlynyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýaryp, tutanýerli zähmete ruhlandyrýar. Garaşsyz ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, oňyn daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär. Abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleriniň ýüzlerçesi Türkmenistan bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär. Şu hepdäniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygy hanym Pia Kaumany, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todty, Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi, şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi. Ýokary derejedäki duşuşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhüm wezipelerine garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Siziň başlangyçlaryňyz bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan belent sepgitlere ýetýär, taryhy ösüşlere eýe bolýar. Milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda uly özgertmeler amala aşyrylýar, döwletimiz ýagty geljege, has beýik ösüşlere tarap ynamly barýar. Häzirki wagtda geçmiş taryhymyz ebedileşdirilip, milli ýolumyz döwrebap derejede dowam etdirilýär.

Bagtyýarlygyň binýady

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwrebap dowam etdirilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ekologik howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňe sürýän teklipleri dünýäde giň goldaw tapýar. BMG-niň Aşgabatdaky Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işi hem halkara bileleşigiň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzy ykrar edýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan adamzat üçin netijeli medeni alyşmalaryň we dialogyň oňyn nusgasy bolan Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine möhüm ähmiýet berýär. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesi bolsa ýurtlaryňdyr halklaryň ýakynlaşmagynyň esasy şerti bolup çykyş edýän ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin amatly ýagdaýy döredýär.

Durnukly ulag ulgamy — ösüşiň möhüm ugry

Bilermenler Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde  ulag ulgamynyň ähmiýetini yzygiderli nygtaýarlar.  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 26-27-nji noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat we sergi hem Milli Liderimiziň paýhasyndan gözbaş alýan ulag diplomatiýasynyň ählumumy ähmiýetini dabaralandyrdy. Dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen halkara forumda BMG-niň meýdançasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahatynyň geçirilip, onda ählumumy derejede durnukly ulag ulgamyny ösdürmek babatda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak we özara tejribe alyşmak bilen bagly möhüm meseleleriň maslahatlaşylmagy hem onuň aýdyň beýany boldy.

Arkadag pähiminden Diýar galkynýar

Gahryman Arkadagymyzyň yhlasly tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan işler halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagyny, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkara abraýynyň artmagyny şertlendirýär. Arkadag şäheri Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Milli Liderimiziň pähim-paýhasynyň, öňdengörüjilikli syýasatynyň, halkymyzyň tutanýerli zähmetiniň ajaýyp miwesidir. 26-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşmagy we degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi dünýäniň binagärlik tejribesiniň ajaýyp nusgasyna öwrülen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Begligiň baş badalgasy

Akyldar şahyrymyzyň arzuwlan berkarar döwletinde ynsan saglygy ýurdumyzyň baş baýlygyna deňelýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip kepillendirilýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymaty öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bolsa öňdengörüjilikli kämil paýhasy bilen «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýlen ajaýyp paýhasy döwrüň ýörelgesine öwürdi. Ata Watanyny janyndan eziz görüp söýen merdana, gujur-gaýratly ýigitlere begler  diýipdir türkmen. Emma halkymyzyň begligiň baş badalgasy dogrusynda aýdan bir nakyly hem bardyr. Dogry, ol nakyl «Saglyk bolsa, beglik bolar» diýen dört sözden ybarat müdimilik paýhasdyr.

Jemgyýetimiziň owadan keşbi

Maşgala mukaddesligi birek-birege bolan söýgi we hormat bolmak bilen birlikde, milli  gymmatlyklary, ahlak ýörelgeleri nesillerden-nesillere geçirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabynda: «Her bir maşgalada çaganyň dünýä inmegi, onuň ilkinji ýylgyryşy, ilkinji ädimi, ilkinji sözi aýtmagy we beýleki wakalar maşgalanyň ýakymly ýatlamalarynyň taryhyna ornaýar. Maşgala toýlaryny halkymyzyň uludan tutýandygy, şowhunly belleýändigi hem özbaşyna bir söhbet. Şeýle toýlarda süýji ýatlamalar jemlenýär» diýip, maşgala dessurlarynyň milli köklerini açyp görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem maşgalanyň hukuk binýadyny berkidýän ýörelgeler we düzgünler döwletiň möhüm kanunçylyk ýörelgesi bolup durýar. Şunda  Maşgala kodeksi bagtyýar ojaklaryň döremeginiň, kemala gelmeginiň hukuk binýadyny üpjün edýär.

Çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige aldyrmagyň tertibi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasyndaky hukuk kadasynda ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň çagalaryny terbiýelemäge, saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyklary we şol bir wagtyň özünde, borçludygy barada-da nygtalýar. Mähriban Diýarymyzda maşgala hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin döwlet derejesinde giň şertler döredilýär. Türkmenistanda dünýä inen her bir çaga döwlet tarapyndan bellige alynmaga  degişlidir. Munuň üçin çaganyň ene-atasy «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, çaganyň hakykatda doglan ýerindäki ýa-da ene-atanyň (olaryň biriniň ýaşaýan ýerindäki) RÝNÝ edarasyna ýüz tutýarlar. Çaganyň dogluşy tarapyndan bellige alynmagy üçin degişli RÝNÝ edarasyna ýüz tutulan güni döwlet belligine alyş işi amala aşyrylýar.

Milli gymmatlyklaryň halkara hukuk esaslary

ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. Onuň maksatlarynda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegi esasy orunda durýar. Ýurdumyz medeni mirasy gorap saklamakda we ony halkara derejesinde wagyz etmekde möhüm üstünlikleri gazandy. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamak we dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklaryny aýratyn bellemek zerurdyr. Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda döredilip, nesillere miras galdyrylan milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň alyp barýan hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir. Döwletimiz bu guramanyň agzalygyna 1993-nji ýylda kabul edildi. 1994-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Göwün guşumyz ganatlandy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden döreýän ajaýyp eserler terbiýe mekdebi, paýhas ummanydyr. Ýakynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda Milli Liderimiz zähmet rugsadynda — dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgullanyp, şöhratly taryhymyz hakynda toplan ençeme maglumatlaryny taraşlap, bir kitaba jemländigini aýtdy. Çeper döredijilige gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsiniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren ýakymly täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlary özünde jemleýän täze «Hakyda göwheri» atly kitaby gymmatly gollanmalaryň üstüni ýetirdi. Bu hoş habar ildeşlerimiziň göwün guşuna ganat berdi. Goý, hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, ajaýyp kitaplarynyň dowamy-dowam bolsun.

Şygryýet bossany

Alkyşnama Sag bol, Arkadagym, sözlän sözüňdeLagyl bar, göwher bar, merjen bar, dür bar.Ýurda mähir, halka söýgi gözüňde,Her bir jümläň dünýe malyna durýar.Älem baýlygyna durýar paýhasyň,Pähimiňden göwün güllär bag ýaly.Alyp munda ulus-iliň alkyşyn,Ömür güllär, döwür güllär ýaz ýaly.Size sylag-sarpa her bir ýürekde,Deňizleň joşguny, daglaryň sili.Barýar munda bagt ummanyn kürekläp,Ykbaly göterlen türkmeniň ili.Görogly hem Magtymguly, Nepesler,Kerim, Berdinazar, Gurbannazarlar,Munda Garaşsyzlyk, erkinlik isläp,Göreşenler hem-de şygyr ýazanlar,Aýdym döredenler, mukam çalanlar,Bu Watanyň, bu topragyň şanyna,Diňe haýyr işe şärik bolanlarTäzeden, täzeden, galkyp täzeden,Alkyş aýdýar, Arkadagym, adyňa!Alkyş aýdýar tutuş millet-il bolup,Arkadagly Gahryman Serdaryma!Ýedi arkaňyza, alkyş ömrüňe,Asyrlara uzap gitsin ak ýoluň!Ruh berip, nur çaýyp şanly döwrüme,Göterdiňiz bu türkmeniň ykbalyn!

Daglar göwünleri çaglar

Arkadag — Aşgabat ugry boýunça hereket edýän 100-lik belgili awtobus dag etegindäki ajaýyp ýoldan gatnaýar. Belent daglar, dag howasy, tebigatyň täsinligi — giden gözellik. Awtobusyň aýnasyndan synlanyňda, Arkadag şäheri aklyga hem päklige bürenip otyr. «Gudrat görseň — daglara bar» diýleni. Gojaman Köpetdag Arkadag şäherini bezese, Arkadag şäheri Köpetdagy bezäp, iki gözellik özara sazlaşýar. Awtobusyň radiosyndan «Pyragyny gören daglar» diýen aýdym ýaňlanýardy. Dag gözelliklerini synlap barýarkaň şahyr Kerim Gurbannepesowyň goşgusyna dörän bu aýdym Magtymgulynyň gezen ýerlerini, gören daglaryny ýadyňa salýardy. Ýogsam näme, türkmeniň daglary dünýe döräp duran daglar. Müň asyry — müň hasraty gören daglar ahyryn.

Akyldaryň goşgularynda bedewiň keşbi

Türkmeniň  akyldar  şahyry  Magtymguly Pyragynyň goşgularynda bedewlerimize aýratyn ähmiýet berilýändigini onuň şahyrana dünýäsi bilen ýakyndan tanyşlaryň hemmesi hem bilýär. Bu taryhy hakykat türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Magtymguly akyldarymyz «Watan!» diýip, bedewine atlanan türkmen gerçekleriniň ýygnyny «Tartsa ýygyn erär topraklar, daşlar» diýip, buýsançly teswirleýär» diýen paýhasly setirlerinde hem görmek bolýar. Bu bolsa topragymyzyň tebigy öwüşginini özünde jemleýän gamyşgulak dal bedewleriň gadymyýetden bäri türkmen gerçekleri bilen bilelikde,  ýurdumyzyň goragynda sak durandyklaryny görkezýär. Magtymguly Pyragynyň goşgulary türkmen bedewleriniň wepadarlyk, edermenlik, dostluk ýaly duýgularynyň ýokarydygyny nygtaýar. Şahyr «Gyş bolar» we «Malyna degmez» atly goşgularynda bedew waspyny şeýle setirleriň üsti bilen beýan edýär:

Häsiýetnama

Häsiýetnama ýazmak dünýäde iň kyn iş bolsa nätjek. Öňler işgärler bölüminde işleýänlere gözüm giderdi. Sebäbi öwseler ak, döwseler gara bolýaň-da. Indi özüm kiçijik hususy kärhananyň işgärler bölüminde işleýän welin, häsiýetnama ýazmaly diýseler, edil duran ýerim-dä. Birnäçe wagtdan bäri bile işleýän bolsaňam, bir adama baha bermek aňsat zat däl eken. Onsoňam: «Kemçiliksiz adam ýok» diýleni. Işdeşleriniň käbir oňat häsiýetlerini kärdeşleriniň bilmeýän hem bolmagy mümkin. Belki, ol işgär öz gowy taraplaryny doly görkezip bilýän däldir. Belki, ol özüniň işleýän ýerinde göwün söýen işi bolandygy üçin däl-de, dürli durmuşy mejburlyklar ýa-da ýakynlarynyň biriniň hut şuny isleýändigi sebäpli işleýändir. Şonuň üçinem, ilki-ilkiler kimdir birine häsiýetnama ýazmaly bolsam, öňki ýazylan nusgalaryň birinden göçürip goýberäýýädim.