Häsiýetnama

28 Noýabr 2024
199

Häsiýetnama ýazmak dünýäde iň kyn iş bolsa nätjek. Öňler işgärler bölüminde işleýänlere gözüm giderdi. Sebäbi öwseler ak, döwseler gara bolýaň-da.

Indi özüm kiçijik hususy kärhananyň işgärler bölüminde işleýän welin, häsiýetnama ýazmaly diýseler, edil duran ýerim-dä. Birnäçe wagtdan bäri bile işleýän bolsaňam, bir adama baha bermek aňsat zat däl eken. Onsoňam: «Kemçiliksiz adam ýok» diýleni. Işdeşleriniň käbir oňat häsiýetlerini kärdeşleriniň bilmeýän hem bolmagy mümkin. Belki, ol işgär öz gowy taraplaryny doly görkezip bilýän däldir. Belki, ol özüniň işleýän ýerinde göwün söýen işi bolandygy üçin däl-de, dürli durmuşy mejburlyklar ýa-da ýakynlarynyň biriniň hut şuny isleýändigi sebäpli işleýändir. Şonuň üçinem, ilki-ilkiler kimdir birine häsiýetnama ýazmaly bolsam, öňki ýazylan nusgalaryň birinden göçürip goýberäýýädim.

Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA,
Daşoguz şäher prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.