Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynda bedewlerimize aýratyn ähmiýet berilýändigini onuň şahyrana dünýäsi bilen ýakyndan tanyşlaryň hemmesi hem bilýär. Bu taryhy hakykat türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Magtymguly akyldarymyz «Watan!» diýip, bedewine atlanan türkmen gerçekleriniň ýygnyny «Tartsa ýygyn erär topraklar, daşlar» diýip, buýsançly teswirleýär» diýen paýhasly setirlerinde hem görmek bolýar. Bu bolsa topragymyzyň tebigy öwüşginini özünde jemleýän gamyşgulak dal bedewleriň gadymyýetden bäri türkmen gerçekleri bilen bilelikde, ýurdumyzyň goragynda sak durandyklaryny görkezýär.
Magtymguly Pyragynyň goşgulary türkmen bedewleriniň wepadarlyk, edermenlik, dostluk ýaly duýgularynyň ýokarydygyny nygtaýar. Şahyr «Gyş bolar» we «Malyna degmez» atly goşgularynda bedew waspyny şeýle setirleriň üsti bilen beýan edýär: