Berkarar döwletiň buýsançly gadamlary

28 Noýabr 2024
199

Dost-doganlygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň mekany bolan Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler her bir türkmenistanlynyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýaryp, tutanýerli zähmete ruhlandyrýar.

Garaşsyz ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, oňyn daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär. Abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleriniň ýüzlerçesi Türkmenistan bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär. Şu hepdäniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygy hanym Pia Kaumany, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todty, Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi, şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi. Ýokary derejedäki duşuşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhüm wezipelerine garaldy.

«Adalat».