Gahryman Arkadagymyzyň yhlasly tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan işler halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagyny, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkara abraýynyň artmagyny şertlendirýär.
Arkadag şäheri Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Milli Liderimiziň pähim-paýhasynyň, öňdengörüjilikli syýasatynyň, halkymyzyň tutanýerli zähmetiniň ajaýyp miwesidir. 26-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşmagy we degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi dünýäniň binagärlik tejribesiniň ajaýyp nusgasyna öwrülen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.