Bagtyýarlygyň binýady

28 Noýabr 2024
207

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwrebap dowam etdirilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ekologik howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňe sürýän teklipleri dünýäde giň goldaw tapýar. BMG-niň Aşgabatdaky Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işi hem halkara bileleşigiň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzy ykrar edýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan adamzat üçin netijeli medeni alyşmalaryň we dialogyň oňyn nusgasy bolan Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine möhüm ähmiýet berýär. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesi bolsa ýurtlaryňdyr halklaryň ýakynlaşmagynyň esasy şerti bolup çykyş edýän ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin amatly ýagdaýy döredýär.

Maral SAPAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.