Jemgyýetimiziň owadan keşbi

28 Noýabr 2024
216

Maşgala mukaddesligi birek-birege bolan söýgi we hormat bolmak bilen birlikde, milli  gymmatlyklary, ahlak ýörelgeleri nesillerden-nesillere geçirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabynda: «Her bir maşgalada çaganyň dünýä inmegi, onuň ilkinji ýylgyryşy, ilkinji ädimi, ilkinji sözi aýtmagy we beýleki wakalar maşgalanyň ýakymly ýatlamalarynyň taryhyna ornaýar. Maşgala toýlaryny halkymyzyň uludan tutýandygy, şowhunly belleýändigi hem özbaşyna bir söhbet. Şeýle toýlarda süýji ýatlamalar jemlenýär» diýip, maşgala dessurlarynyň milli köklerini açyp görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem maşgalanyň hukuk binýadyny berkidýän ýörelgeler we düzgünler döwletiň möhüm kanunçylyk ýörelgesi bolup durýar. Şunda  Maşgala kodeksi bagtyýar ojaklaryň döremeginiň, kemala gelmeginiň hukuk binýadyny üpjün edýär.

Aýbölek NURSÄHEDOWA,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.