"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Syntgylanan setirler

• Gürlemekden öňürti, diňlemegi öwrenmeli. • Dogryny saýlamak egrä goýulsa, başarmaz, ol özüne meňzeşi gözlär.

Hormatly okyjylar!

2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Adalat» gazetiniň elektron hem-de kagyz görnüşine abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini habar berýäris. «Adalat» gazetiniň elektron görnüşine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynyň üsti bilen «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» bukjasyndan ýazylmalydygyny  ýatladýarys. «Adalat» gazetiniň elektron neşirine abuna ýazylmak bilen, şol bukjada jemi 27 sany ýurdumyzda neşir edilýän merkezi gazet-žurnallaryny we welaýat  gazetlerini hem okap bilersiňiz. Abuna ýazylmaga howlugyň! Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: 38-62-75, 38-61-52.

Aýdyň maksatlaryň ak ýolunda

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek ugrundaky döwletli başlangyçlary ildeşlerimiziň tutanýerli zähmeti bilen sazlaşyp, döwletli tutumlar rowaçlyklara beslenýär. Ajap eýýamymyzyň her bir gününde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler taryhyň şanly sahypalaryny ýazýar. 15-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Mejlisde ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasynyň taýýarlanylýandygy, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy, döwlet we diplomatik gulluk bilen baglanyşykly meseleleri kadalaşdyrýan kanunlara üýtgetmeleriňdir goşmaçalaryň girizilýändigi barada aýdyldy.

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şu ýylyň 27-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyçlarda ýurdumyzyň gün tertibindäki dört ugry, ýagny parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer meseleler boýunça ugurlary goldamak barada karara gelnendigi barada nygtaldy. Ata-babalarymyz parahatçylygyň bar ýerinde gülläp ösüşiň bolýandygyny nygtap, durmuşynda hem şol ýörelgelerden ugur alypdyrlar. Akyldar şahyrymyzyň ylym öwreden ussady — pederi Döwletmämmet Azady hem döredijiliginde döwletliligiň, adalatly hökümdarly döwletiň zeruryýetini içginden-içgin beýan edipdir.

Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy

Gatnaşyklary açmakda-da, berkitmekde-de, ösdürmekde-de, ilki bilen, haýyrly boljak, oňyn ýollar gözlenilýär. Ynsanlaryň kalbyna barýan sahawat, ýagşylyk ýollary durmuşa many berýär. Onuň manylaryndan mazmunlar döräp, il-ýurt bähbitli sahawatly işleriň binýady emele gelýär. Uludan-uly ähli zatlaryň kiçiden-kiçi materiýalardan düzülişi ýaly, halkara gatnaşyklaryndaky umumadamzat ähmiýetli beýik ýörelgeler hem parasatly döwlet işgärleriniň ählumumy bähbitleri nazarlaýan taglymatlaryndan döreýär. Gahryman Arkadagymyzyň dür paýhasyndan gözbaş alýan Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy onuň buýsançly dabaralanmasydyr. Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Halkara jemgyýetçiliginiň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly tagallalaryna  bildirýän beýik buýsanjyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramçylyk dünýäde parahatçylyga, ynanyşmaga, hoşniýetli gatnaşyklara barýan ajaýyp dostluk ýoluny açdy. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň jebis bir maşgaladygy, nesillerimize parahatçylygy miras goýmak ýaly çuňňur filosofiýasynyň ähmiýetini giňişleýin açýan waka boldy.

Bagta beslenen pursatlar

Gahryman Arkadagymyzyň ýagty ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň Watana wepaly, ylymly-bilimli, bagtyýar nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda öňe süren taglymatyny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda her bir gün täze üstünlikleriň, bagtyýarlygyň buşlukçysy bolup gelýär. Munuň şeýledigine ýakynda jemgyýetimiziň dürli pudaklarynda özüniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen ada mynasyp bolanlaryň  ýüzlerindäki bagtyýar ýylgyryşy, gözlerindäki geljege bolan belent ynamy synlanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Biz hem bagtdan paýly, Arkadagly ajaýyp döwürden serpaýly ýaşlaryň ýürek joşgunyny halkymyz bilen paýlaşmagy makul bildik. Göwher HYDYROWA, Aşgabat şäher prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi:

Durmuşymyzyň gülleri

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Çagalar biziň geljegimizdir, durmuşymyzyň gülleridir. Şoňa görä-de, biz iň gowy zatlarymyzy olara bagyşlaýarys we bu hemişe-de şeýle bolar» diýmek bilen, çagalarymyzyň okamaklary, oňat dynç almaklary, ukyp-başarnyklaryny, zehinini açmaklary  üçin geljekde-de yzygiderli alada ediljekdigini nygtaýar. Ýaş nesilleriň döwletiň özleri barada alada edýändigini we goldawyny hemişe duýup ýaşamaklary bolsa bagtyýar geljegimiziň kepilidir. Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 20-nji noýabrynda tutuş dünýä jemgyýetçiliginde Çaganyň bütindünýä güni bellenilýär. Hut şol senede 1959-njy ýylda Çaganyň hukuklarynyň Jarnamasy, 1989-njy ýylda bolsa BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasy kabul edildi. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýany tassyklan Türkmenistanda hem Watanymyzyň nurana geljegi bolan ýaş nesiller aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar. Çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegi 2021-nji ýylyň martynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işinde has aýdyň görünýär. Onuň guwandyryjy netijeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly şygarynyň çaga durmuşyndaky dabaral

Durnukly ösüşiň innowasion ugry

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň her biri halkymyzyň bähbidini nazarlap, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen eziz Watanymyzda ýetilýän belent sepgitlere we gazanylýan uly üstünliklere tüýs ýürekden buýsanýarys. Munuň özi röwşen geljegimiziň hatyrasyna gönükdirilen beýik işlere bolan buýsanjymyzdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatdaky alnyp barylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sanly ykdysadyýet düşünjesi tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle-de milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan döwrebap hile geçmegine ýardam berýär. Bu bolsa ösüşiň täze belentlikleri bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda, milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda ygtybarly hem giň mümkinçilikleri özünde jemleýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy

Dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň daşary syýasatyna ýokary baha berýär. Bu bolsa biziň döwletimize hyzmatdaşlary bilen netijeli, peýdaly gepleşikleri işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy 2020-nji ýylyň dekabr aýynda sebitde zenanlary goldamak, syýasy, ykdysady we durmuş ornuny ýokarlandyrmak maksady bilen döredildi.

Gadymy Änew — müňýyllyklaryň ýaňy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhyny ylmy esasda öwrenmek, ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Çünki halkymyzyň beýik taryhy, döreden nusgalyk maddy hem ruhy gymmatlyklary, ýol-ýörelgeleri şu günki nesiller üçin ruhlandyryjy güýçdür. Şeýle hem milli buýsanjy, Watan mertebesini has-da beýgeltmek, ony ösdürmek, gurmak, döretmek üçin ylham çeşmesi bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda taryhy we medeni mirasy goramak, öwrenmek we ýaş nesillere ýetirmek, şeýle hem giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda Änew şäheriniň taryhy we onuň bilen baglanyşykly rowaýatlar aýratyn bellenmäge mynasypdyr. TÜRKSOÝ-nyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen 39-njy mejlisinde Türkmenistanyň Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu buýsandyryjy çözgüt türkmen halkynyň geçmişde döreden baý medeni gymmatlyklarynyň bu günki günde dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň, dünýäniň abraýly guramalary bilen dost-doganlyk, medeni gatnaşyklaryň has-da pugtalanýandygynyň subutnamasydyr.

Sungat dostlugy berkidýär

Gadymy döwürlerden bäri goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan türkmen-özbek dostlugy häzirki wagtda täze öwüşgin bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyz bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary täze üstünliklere beslenýär. Ýakynda ýurdumyzda geçirilen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri hem bize ýatda galyjy pursatlary eçildi. Ýurduň özboluşly däp-dessurlaryny, tebigatynyň gözelligini we taryhyny beýan edýän amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, özbek sungat ussatlarynyň konserti, özboluşly aýdym-saz we tans-etnografik çykyşlary ildeşlerimizde ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky  Medeniýet günleriniň çäklerinde Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda 20-nji noýabrda öz işine başlan Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de özbek harytlarynyň milli sergisi hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň dabaralanmasy boldy.

Hukuk maslahaty

Zähmet rugsadynyň kadalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 50-nji maddasynda her bir adamyň dynç almaga hukugynyň bardygy we ol iş hepdesiniň çäklendirilen dowamlylygynyň bellenmeginden, her ýylky tölegli zähmet rugsatlarynyň, her hepdede dynç günleriniň berilmeginden ybaratdygy, döwlet adam üçin dynç almaga we boş wagtyny peýdalanmaga amatly şertleri döredýändigi barada konstitusion-hukuk kepillendirmesi berkidilýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 83-nji maddasynda ýurdumyzda işleýän raýatlaryň şu kanunçylyga laýyklykda, her ýylky tölegli esasy rugsada, şeýle hem rugsatlaryň beýleki görnüşlerini almaga hukuklarynyň bardygy kesgitlenilýär.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Döwrebap ulgam Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda agzybir halkymyzyň tutanýerli zähmeti bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň görkezmesi esasynda Ahal welaýatynda Duşak we Bamy, Balkan welaýatynda Jebel, Mary welaýatynda Baýramaly demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalary gurlar. Bu bolsa Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli işlemegini, ýurdumyzyň halkara ähmiýetli iri ulag çatrygy hökmünde derejesiniň pugtalanmagyny şertlendirer. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Halkymyzyň eşretli geljegi ugrunda bimöçber tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun.

Ruhy çyragyň ýalkymy

Her bir setiri akyl-paýhas ölçegine öwrülip, halkymyzyň kalbynda orun alan türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragy dürdäne parasady bilen diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň ruhy çyragyna öwrüldi. Pyragynyň arzuwlan zamanyna gowşup, şahyryň erkin, asuda, binýady berk döwleti gurmak baradaky islegleri ýurdumyzyň Konstitusiýasynda hukuk taýdan berkidildi. Onuň agzybirlik, goňşy halklar bilen dostlukly ýaşamak, parahatçylygy saklamak baradaky ündewleri hem Garaşsyz ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugry hökmünde Konstitusiýamyzda orun aldy. Esasy Kanunymyzyň 9-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär. Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna aýratyn üns berýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen dana şahyryň adyny ebedileşdirmek işlerine möhüm ähmiýet berilýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýy uludan tutulýar.

Ussatlaryň edebi gatnaşyklary

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli edebi mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmekde alnyp barylýan işler dünýä ylmynyň ösüşine itergi berýär. Bu ugurda amal edilýän işler Magtymgulyny öwreniş ylmynyň öňünde has-da uly wezipeleri goýýar. Bu işler beýik Pyragynyň edebi däplerine eýerenleriň döredijiligini öwrenmegiň möhümdigini hem kesgitleýär. Ylmy barlaglar Magtymguly Pyragynyň mirasy bilen XVIII asyr türkmen edebiýatynyň taryhynda döredijiliginiň gerimi hem mazmunynyň köpgyraňlylygy babatda tapawutlanan şahyrlar Abdylla Şabendäniň döredijiliginiň özara baglanyşyga eýedigini ýüze çykarýar. Bu hakda alym Gurbandurdy Geldiýew «Abdylla Şabende» diýen işinde ýörite durup geçip, halk rowaýatlaryna salgylanyp, Şabendäniň Magtymguly bilen dostana gatnaşykda bolup, oňa ussady hökmünde garandygyny belläp geçýär.

Sapaly mekanyň şypaly merkezi

Hazaryň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän deňiz tolkunlarynyň akwatoriýasy, jana ýakymly howasy bilen sazlaşykly utgaşýan kenarynda bina edilen birnäçe ajaýyp şypahanalar, dynç alyş merkezleri myhmanlaryň hyzmatynda. Ýylyň dört paslynda hem ilata şypahana hyzmatlaryny hödürläp, halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize egsilmez alkyşlaryny we hoşallyklaryny buýsançly beýan edýän şypaly merkezleriniň birine öwrülen «Awaza» şypahanasy döwletimiziň durmuş ugurly syýasatynyň miwesidir. Bu şypahanadaky işler raýatlaryň saglygyny goramaga we dynç almaga bolan «Şypahana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilenleriň berjaý edilişiniň subutnamasydyr. Şonuň üçin hem bu ýere geleniňde, Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly eserindäki: «Ähli babatda nusgalyk täze şypahana — sagaldyş merkezleriniň gurluşygyny biz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndan başladyk, Hazaryň türkmen kenary öz gujagyndaky gapylary gurluşyk üçin giňden açdy. Eýýäm häzirki günde Awaza ýakyn wagtda umumy ykrar edilen halkara syýahatçylyk merkezine öwrüler diýip aýtmagymyz mahabat däldir» diýen sözleriniň durmuş hakykatyna şaýat bolýarsyň.

Osman awçy

(bolan waka) Osman awçy diňe bir özüniň mergenligi üçin däl-de, eýsem, batyrlygy, hüşgärligi, töwekgelligi, ugurtapyjylygy hem-de paýhaslylygy üçin obadaşlary tarapyndan çäksiz sarpalanýardy. Oba adamlarynyň haýyşy bilen, kämahallar ol goşlaryny jemläp, birnäçe günlük daglara giderdi. Iş wagtynda, toýlarda göreş tutulanda ýa-da başga dürli ýagdaýlarda adamlaryň elleriniňdir aýaklarynyň süňkleriniň döwülýän, çat açýan wagtlary bolýardy. Syrkawlara melhem bilen em edýän Durdy tebibe, köplenç, mumyýa gerek bolanda, Osman awça ýüz tutmaly bolýardy. Mumyýa gaýalaryň çür başynda, ýylçyr ýerlerde bolagandy. Elýeterden uzakda, baryp bolmaýan aglaba halatlarda, mumyýany atyp almaly bolýardy.

Abadançylygyň gözbaşy

Eziz ildeşler, bize gowy şertleri, ýeňillikleri döredýän tebigy gazy ulanmakda howpsuzlyk kadalary dogry berjaý edilmelidir. Munuň üçin howpsuzlyk talaplarynyň käbirini ýatladýarys. Gaz enjamlary ulanyljak ýerlerde ätiýaçlyk  üçin syzylýan gazyň  ýa-da tüssäniň  çykmagy üçin howa çekýän saýawan goýmaly. Jaý gurlanda, gaz enjamy gurnaljak otagdaky penjirede açylýan gözi bolmaly. Diwardan geçirilýän gaz turbalarynyň daşyna hem turbadan gap geýdirilmelidir. Bu näsazlyk ýüze çykan ýagdaýynda, bejermek işlerini ýeňilleşdirýär. Aşhananyň gapysy daşyna açylýan bolmaly.

Daşky yşyk abzallary

Hormatly sürüjiler we pyýadalar, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ulaglary dolandyrmagyň bellenilen kadalarynyň dogry ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini ýatladýar. Türkmenistanyň ýol hereketiniň kadalarynda daşky yşyk enjamlaryny we ses duýdurmalaryny peýdalanmagyň ähmiýeti barada bellenilýär. Oňa laýyklykda, daşky yşyk kadalaryna biparhlyk etmek we nädogry peýdalanmak bolmaýar. Töweregiň ýagtylygyna garamazdan, awtoulaglaryň ýerasty geçelgelerinden geçýän pursatlary uzaga ýa-da ýakyna yşyk berýän çyralary  ýakylmalydyr.

Toý-baýramly eziz Diýar gül açýar

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmegiň berk binýady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasaty ösüş-özgerişli ýoluň dowamata beslenýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. 8-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde habar berlişi ýaly, kabul edilen toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ösüş depgini 6,3 göterime barabar boldy. Bu görkezijiniň senagat pudagynda 2,5 göterime, gurluşykda 10,9 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 6,7 göterime, söwdada 9 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň bolmagy ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösýändiginiň nyşanydyr.