"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milli buýsanjymyz

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda we dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Şöhraty dünýä dolan gadymy Merw, Köneürgenç we gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň, Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem-de häzirki wagtda bu sanawa türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny girizmek boýunça degişli işleriň alnyp barylmagy halkymyzyň milli gymmatlyklaryna goýýan uly sarpasyndan nyşandyr.

Ýürekleriň kelamy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. 2022-nji ýylyň 4—6-njy noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyl  «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de ýurdumyzyň Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu halkara gurama tarapyndan türki halklaryň dost-doganlygyny berkitmek, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda köp işler ýerine ýetirildi.

Akyldara belent sarpa

11-nji oktýabrda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi. Ol «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň biridir. Halkara derejeli forum hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilip, oňa Eýran Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Mongoliýanyň, Gazagystan, Özbegistan,  Gyrgyz,  Täjigistan we Ermenistan Respublikalarynyň Prezidentleri, daşary döwletleriň Hökümet agzalary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, alymlar we medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

Hukukçynyň hünär medeniýeti

Ýurdumyzda hukukçylaryň hünär edebine we olaryň ahlak sypatlaryna bildirilýän talaplar ýokary derejededir. Çünki hukuk goraýjy ulgamyň işgärlerine halkyň öňünde kanunlaryň doly we dogry berjaý edilişini gazanmak jogapkärçiligi düşýär. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, hukukçylaryň kanunlary resmi taýdan we gulluk ygtyýarlyklarynyň çäginde amala aşyrmalydygyny, şonuň bilen birlikde, ahlak kadalaryna esaslanyp işlemelidiklerini yzygiderli nygtaýar. Şu nukdaýnazardan, hukukçynyň hünär edebine, hukuk medeniýetine bildirilýän talaplara ähmiýet berlip, ýurdumyzda onuň kanunçylyk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Hukukçynyň hünär ýörelgelerine, hukuk medeniýetine kanuny talaplar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Döwlet gullugy hakynda», «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna esaslanýar. Döwlet gullukçylarynyň hünär ussatlygy olaryň kanunlary amal etmekdäki göreldesi, gündelik işlerinde kanunlaryň we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna goldanyp işlemegi döwlet edaralarynyň abraýyny pugtalandyrmaga oňaýly täsir edýär.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Süleýman NURYÝEW, Akdepe etrabynyň döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy: — Türkmenistan dünýä döwletleri, aýratyn-da, bitewi taryhy kökleri bolan türki dünýäsiniň ýurtlary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýär. Ýakynda paýtagtymyzda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklady. Şu ýylda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan bu dabara ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Oňa gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, festiwal doganlyk halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary berkitmäge, türki dilli döwletleriň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, sungat ussatlarynyň arasyndaky döredijilik gatnaşyklaryny giňeltmäge, häzirki zaman teatr sungatyny has-da baýlaşdyrmaga ýardam eder. Watanymyzyň abraýynyň dünýä dolmagy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.

Şöhrat gazanan alabaýlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary sazlaşykly ösdürilýär. Türkmen halky batyrlygyň hem-de gaýduwsyzlygyň tebigy nusgasy bolan türkmen alabaýyny eýesine wepaly, sak goragçy edip ösdürip ýetişdiripdirler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Türkmen alabaý itleri özboluşly milli medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Alabaý güýçli, ýanbermezek hem-de wepalydyr» diýen ajaýyp setirleri ýurdumyzyň her bir bagtyýar ýaşaýjysy üçin guwandyryjydyr.

Şygryýet bossany

Buýsanýan Garaşsyz, Bitarap eziz Diýarym,Giň sähraňa, daglaryňa buýsanýan.Wysala gowuşýar arzuw-hyýalym,Hoş saýaly baglaryňa buýsanýan. 

Özüňi kämilleşdirmegiň ýoly

Jemgyýetiň özgermegi, durmuş şertleriniň kämilleşmegi biz üçin köp mümkinçilikleri döredýär. Adam üçin iň esasy wezipeleriň biri — özüni yzygiderli kämilleşdirip, has gowy, parasatly şahsyýet bolmakdyr. Özgeriş we ösüş  ynsan durmuşy üçin esasy ýolgörkeziji bolup durýar. Terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolan gymmatlyklary sarpalamak durmuşyňa many berýär. Üstünligiň açary

Welosiped sportunyň peýdasy

Welosiped sürmek adam saglygy üçin örän peýdalydyr. Sportuň bu görnüşi adamyň keýpini çaglaýar, şähdini açýar, gujur-gaýratyny artdyrýar, onuň nerw ulgamyny pugtalandyryp, bedeniniň berkemegine getirýär. Welosiped sürýän ynsanyň ähli myşsalary hereketlenýär we bedeninde gan aýlanyşyň tizleşmegi, mikrosirkulýasiýanyň gowulaşmagy bolup geçýär. Bu bolsa bedeniň ähli agzalaryna barýan ganyň kislorod bilen baýlaşmagyna, olardaky öýjükleriň işleriniň gowulaşmagyna täsir edýär. Ynsan bedeninde madda çalşygynyň gowulaşmagy netijesinde onuň arterial gan basyşy kadalaşýar, dem alşy çuňlaşýar we öýkende gan çalşygy ýokarlanýar. Welosiped sürmek ýürek-damar, dem alyş ulgamlarynyň işlerine oňyn täsir edip, bedeni berkidýär hem-de immunitetiň ýokarlanmagyna getirýär. Şeýlelikde, ynsan bedeniniň ýokanç kesellerden goranmak ukyby ýokarlanýar. Welosiped sürmek ýürek myşsalaryny berkidip, ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar. Welosiped sürlen wagtynda, esasy hereket aýak myşsalaryna we oňurganyň bil bölümine düşýär. Bu bolsa gan damarlaryndaky warikoz kesellerini bejermekde örän peýdalydyr.

Asudalygyň eşreti

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä derejesinde ylym-bilim alyp, ruhy hem beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär. Ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çäreleri dogrusynda geljegimiz bolan ýaş nesliň garaýşynyň giň bolmagy möhümdir. Ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek biziň her birimiz üçin hökmany zerurlykdyr. Şonuň üçin çagalaryň janyny, saglygyny ýangyn howpundan gorap saklamak, bilim edaralarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini ygtybarly üpjün etmek, her bir işgäriň bu düzgünleri bilmeklerini, şeýle-de olary doly, dogry ýerine ýetirmeklerini gazanmak biziň wezipämizdir.

Jemgyýetçilik kabul edişligi

2024-nji ýylyň 2-nji we 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär. Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda, ýagny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli geçirilýär. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-19-20; 39-19-21.

Hormatly okyjylar!

2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Adalat» gazetiniň elektron hem-de kagyz görnüşine abuna ýazylyşygyň başlanandygyny habar berýäris. «Adalat» gazetiniň elektron görnüşine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynyň üsti bilen «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» bukjasyndan ýazylmalydygyny ýatladýarys. «Adalat» gazetiniň elektron neşirine abuna ýazylmak bilen, şol bukjada jemi 27 sany ýurdumyzda neşir edilýän merkezi gazet-žurnallaryny we welaýat gazetlerini hem okap bilersiňiz.

Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň ýol hereketleriniň howpsuzlygyny üpjün etmekdäki orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag-logistik mümkinçilikleri barha artdyrylýar. Häzirki wagtda howa, suw, demir ýol gatnawlaryny ýola goýmak bilen bir hatarda, täze-täze gara ýollary hem gurlup ulanylmaga berilýär. Döwrebap ýollar şäherde, şäherara gatnawlarda halkymyza uly amatlyklary döredýär. Şeýlelik-de, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi hem döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Ýol hereketi we onuň bilen bagly hukuk bozulmalary Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiň «Ulaglarda, ýol hojalygy we aragatnaşyk çygrynda administratiw hukuk bozulmalary» atly 14-nji babynda öz beýanyny tapýar. Mälim bolşy ýaly, kodeksiň 439-njy maddasyna laýyklykda, göz öňünde tutulan administratiw toparlary, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň kazyýetleri hem seredýärler. Kodeksiň 445-nji maddasyna laýyklykda, etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň kazyýetleri administratiw hukuk bozulmalary baradaky işlere olaryň pudaklaýyn degişliligine garamazdan seretmäge haklydyrlar. Şunda etrap kazyýetleri ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen bagly ulag serişdeleriniň ýol hereketine päsgelçilik döremegine ýa-da heläkçilikli ýagdaýyň emele gelmegine getirýän toparlaýyn hereketiň edilendigi üçin, serhoş ýagdaýda ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy ýa-da olary serhoş ýagdaýdaky

Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim babatda hukuklarynyň döwlet kepillikleri

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda her bir adamyň bilimli, giň dünýä-garaýyşly hem-de häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan baş alyp çykmagy başarýan zamanabap şahslar bolmagy ugrunda döwlet derejesinde uly göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilimi kämilleşdirmek Diýarymyzy  ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Esasy Kanunymyzda her bir adamyň bilim almaga hukugynyň bardygy bellenilýär. Şunlukda ýurdumyzda umumy bilim hökmanydyr, her bir adam bolsa, ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr. Türkmenistanda ähli bilim edaralary bellenilen bilim standartlaryna laýyklykda öz işlerini alyp barýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumdaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabry) Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine

Ýurdumyzyň durmuşyndaky buýsançly wakalar hormatly Prezidentimiziň  «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly dürdäne eserindäki: «Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar» diýen parasatly sözleriniň durmuş hakykatyny dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 11-nji oktýabrda paýtagtymyzy bezäp duran Söwda-senagat edarasynda geçen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum beýik akyldarymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan ýylymyzyň iň ähmiýetli taryhy wakalary bolup hakydalara doldy.

Dünýä edebiýatynyň göwher gaşy

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji oktýabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Bu iri halkara forum beýik şahyryň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek babatda uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä halklarynyň medeniýetleriniň, adamzadyň medeni-ruhy taýdan galkynmagyna uly täsir eden hem-de aň-düşünjäniň kämilleşmeginde we baýlaşmagynda ähmiýetli hyzmatlary bitiren akyldarlaryň, şahyrlaryň ylmy hem-de edebi miraslaryny düýpli öwrenmek, bu ugurda ylmy-barlag işlerini ulgamlaýyn esasda alyp barmak, halkara ylmy jemgyýetçilik bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk etmek babatda giň mümkinçilikler döredilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazak halkynyň görnükli şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabry) Hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç!

Parlament diplomatiýasy: beýik başlangyçlaryň aýdyň dabaralanmasy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna laýyklykda alnyp barylýar. Ol daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlament guramalarynyň we assambleýalaryň işine gatnaşmak, parlamentara dostluk toparlaryny döretmek, ýaş parlamentarileriň hyzmatdaşlygyny goldamak, zenan deputatlaryň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki parlament çärelerini guramak arkaly durmuşa geçirilýär.

Müdimi dostluk

Görnükli söz ussady, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara çäreleriň her bir pursady Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň halkara derejedäki şöhratyny çuň mazmun bilen baýlaşdyrýan beýik işlerini dabaralandyrýar. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň  10-njy oktýabrda ýurdumyza  bolan resmi saparynyň wakalarynda hem muny aýdyň görmek bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň «Laçyn» seýilgähinde bina edilen gazak halkynyň beýik şahyry, görnükli medeniýet we sungat işgäri Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylmagy hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ajaýyp mysaly boldy. Beýikligi 7 metrden geçýän bu heýkelde gazak şahyrynyň halklary dostluga,  ynsanlary ýagşylyga, haýyrly işlere çagyrýan keşbi ussatlyk bilen döredilipdir.