Ýurdumyzyň durmuşyndaky buýsançly wakalar hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly dürdäne eserindäki: «Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar» diýen parasatly sözleriniň durmuş hakykatyny dabaralandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 11-nji oktýabrda paýtagtymyzy bezäp duran Söwda-senagat edarasynda geçen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum beýik akyldarymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan ýylymyzyň iň ähmiýetli taryhy wakalary bolup hakydalara doldy.