Ýurdumyzda hukukçylaryň hünär edebine we olaryň ahlak sypatlaryna bildirilýän talaplar ýokary derejededir. Çünki hukuk goraýjy ulgamyň işgärlerine halkyň öňünde kanunlaryň doly we dogry berjaý edilişini gazanmak jogapkärçiligi düşýär. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, hukukçylaryň kanunlary resmi taýdan we gulluk ygtyýarlyklarynyň çäginde amala aşyrmalydygyny, şonuň bilen birlikde, ahlak kadalaryna esaslanyp işlemelidiklerini yzygiderli nygtaýar. Şu nukdaýnazardan, hukukçynyň hünär edebine, hukuk medeniýetine bildirilýän talaplara ähmiýet berlip, ýurdumyzda onuň kanunçylyk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär.
Hukukçynyň hünär ýörelgelerine, hukuk medeniýetine kanuny talaplar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Döwlet gullugy hakynda», «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna esaslanýar. Döwlet gullukçylarynyň hünär ussatlygy olaryň kanunlary amal etmekdäki göreldesi, gündelik işlerinde kanunlaryň we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna goldanyp işlemegi döwlet edaralarynyň abraýyny pugtalandyrmaga oňaýly täsir edýär.