Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

24 Oktýabr 2024
297

Süleýman NURYÝEW,
Akdepe etrabynyň döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy:

— Türkmenistan dünýä döwletleri, aýratyn-da, bitewi taryhy kökleri bolan türki dünýäsiniň ýurtlary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýär. Ýakynda paýtagtymyzda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklady. Şu ýylda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan bu dabara ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Oňa gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, festiwal doganlyk halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary berkitmäge, türki dilli döwletleriň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, sungat ussatlarynyň arasyndaky döredijilik gatnaşyklaryny giňeltmäge, häzirki zaman teatr sungatyny has-da baýlaşdyrmaga ýardam eder. Watanymyzyň abraýynyň dünýä dolmagy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.

«Adalat».