"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry) Eziz watandaşlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly BerdimuhamedowyňTürkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry) Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!

Türkmenistan — agzybirligiň hem-de rowaçlyklaryň ýurdy

 Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forumda halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan ýerine ýetirilen işler hem-de geljek üçin meýilnamalar barada çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyzyň taryhy Çykyşynda: «Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, ähli tagallalarymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris» diýip bellemegi türkmenistanlylary öňküden-de yhlasly hem döredijilikli zähmete ruhlandyrdy. Şygyrlary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň hukuk binýady boljak resminamal

Türkmenistanyň raýaty bolmak — bagt

Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy barada Konstitusiýamyzda beýan edilen kadalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly toparynyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi munuň nobatdaky beýany boldy. Ýurt Baştutanymyzyň bu Permany şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde ençeme adamlara Türkmenistanyň raýaty bolmak bagtyny miýesser etdi. Diýarymyzda adam hukuklaryny, azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerilýändigini görkezýän bu taryhy waka ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerini dabaralandyrýar.

Sahawatly işler

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri sahawatly işler bilen dowamat-dowama beslenýär. Döwlet Baştutanymyzyň «Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekmegi ýurdumyzda her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmakda alnyp barylýan ynsanperwer işleriň nobatdaky beýany boldy. Hormatly Prezidentimiziň: «Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys» diýen parasatly sözleri bolsa her bir ynsanda bagyşlamak, ötünji kabul etmek ýaly ýagşy häsiýetleri terbiýeleýär. 

Şa serpaýy — belent mertebe

Garaşsyzlyk baýramy her bir türkmeniň kalbynda besleýän hasyl bolan arzuwlarynyň datly miwelerini eçilýän şowhunly toýdur. Bu şanly baýramyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi bolsa ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dabaralandyrýan Arkadagly eýýamymyzyň ajaýyp dessuryna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň çuň mazmunly taryhy wakalaryny özünde jemledi. Döwlet Baştutanymyzyň umumymilli forumda zähmetde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky, şeýle hem ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmek baradaky resminamalara gol çekmegi ildeşlerimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

Asuda ýollar — abadan iller

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen 2013-nji ýylda badalga berlen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Ol raýatlarymyzyň rahat hem-de abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu biraýlygyň guramaçylykly geçmegine Boldumsaz etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň işgärleri hem öz goşantlaryny goşýarlar. Bölümçäniň jogapkär işgärleri etrabyň jemgyýetçilik guramalary, degişli pudaklar bilen ýörite düzülen meýilnama laýyklykda, edara-kärhanalarda, oba ýerlerinde zähmet çekýän raýatlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini yzygiderli guraýarlar. Şol çärelerde raýatlarymyzyň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmeklerini gazanmak hem-de ýollarda özüňi alyp barmagyň kadalaryny berjaý etmek dogrusynda giňişleýin gürrüňler edilýär.

Şygryýet bossany

Arkadagly Watanym Garaşsyz, Bitarap mähriban ýurdum,Gujagynda penalanym, ýylanym.Gahryman Arkadag dünýäňe nurdur, Arkadagly Serdarymyz dowamyň.

Toý sowgady

Türkmen hakynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda başy başlanan beýik özgertmeleri mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň her bir günümiz taryhy pursatlara beslenýär. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli harby özgertmeler ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga hem-de kämilleşdirmäge, harby gullukçylardyr olaryň maşgala agzalary üçin has oňaýly gulluk we ýaşaýyş şertlerini döretmäge gönükdirilendir.

Şatlygymyz goşalandy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgelerine eýerip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyny uludan toýlaýar, ony ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen ruhubelent garşy alýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanylmaga berlen desgalar we binalar hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şolaryň hatarynda Mary welaýatynyň Garagum etrap kazyýetiniň döwrebap, täze edara binasynyň hem bolmagy kazyýet işgärleri üçin aýratyn guwandyryjy wakadyr.

Medeni we ykdysady ösüşlerimiziň dabaralanmasy

Arkadagly eýýamymyzyň her bir güni ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky beýik ösüşleriniň şanly sahypasy bolup, halkymyzy agzybirlikde döredijilikli zähmetiň täze üstünliklerine ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň içeri we daşary syýasatda  gazanan üstünlikleri, öňde duran belent maksatlarymyz hakynda aýdanlary «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyzyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň subutnamasy boldy. Şeýle-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesini dabaralandyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty — döwlet häkimiýetiniň gözbaşy

24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde uly üstünliklere beslenip  geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi milli demokratiýamyzyň halkara giňişligindäki dabaralanmasy boldy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň  öňýanynda geçirilen bu umumymilli foruma jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we dürli nesilleriň wekilleriniň gatnaşmagy gadymdan gelýän milli däplerimizde, häzirki zaman kanunçylygymyzda beýan edilen deňlik, adalatlylyk, adam hukuklaryny ileri tutmak ýaly halkara hukugynyň ykrar edilen kadalarynyň durmuşa geçirilişiniň aýdyň beýany boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda», «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda», «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» gol çeken Permanlary we resminamalary Milli Liderimiziň umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň dowamat-dowama beslenýändiginiň buýsançly hakykaty boldy.

Garaşsyzlyk buýsanjymyz

Baýramlaryň naýbaşysy, Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Garaşsyzlyk baýramy ýetip geldi. Baýramçylygy mynasyp garşylamak üçin her bir ulgamda uly üstünlikleri gazanmak üçin ýörite meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary ýogy 33 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilip, şu günki ösüşlerimiziň we üstünliklerimiziň binýady berkden tutuldy. Gysga döwürde gazanylan syýasy, ykdysady ösüşler, medeni-durmuş özgertmeleri raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrdy, gurýan we özgerýän döwletimiziň güýç-kuwwatyny artdyryp, berkararlygyny pugtalandyrdy.

Bagtyýarlyk ýurdy Türkmenistanym

Döwletim berkarar, döwrüm bagtyýar,Bagtyýarlyk ýurdy, Türkmenistanym.Hukuga täze ýol açdy Arkadag,Bagtyýarlyk ýurdy, Türkmenistanym. Rowaçlygyň Watanydyr Diýarym,Munda hasyl bolýar arzuw-hyýalyň,Soňsuzdyr tarypyň,                           waspyň,                                       beýanyň,Bagtyýarlyk ýurdy, Türkmenistanym.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşykdaky ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 17-nji sentýabry) Hormatly jenap Federal Kansler!

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

«Merkezi Aziýa — Germaniýa»: ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde täze meýdança

17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Astanada geçirilen ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bilşimiz ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Germaniýanyň Federal Kansleriniň 2023-nji ýylyň sentýabrynda Berlinde geçirilen birinji sammiti «Merkezi Aziýa — Germaniýa» formatyndaky ýakyn gatnaşyklaryň başyny başlady. Şol duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlary parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Taryhy duşuşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşypdy.

Kämil şäher — ajap sungat eseri

Milli Liderimiziň ylhamyndan we yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha artýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän täze şäherde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna we gurluşyk işlerine örän jogapkärli çemeleşilip, Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz aladalarynyň netijesinde has-da rowaçlanýar. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşmagy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi bu ýerde alnyp barylýan giň gerimli işleriň takyk bolmagyny we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini şertlendirýär.

Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň  beýik  işleri: şöhratly  taryhymyzyň  şanly  sahypalary

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri maddy we ruhy bereketi bilen kalplary joşdurýar. Döwlet Baştutanymyzyň beýik pikirleri, parasatly tagallalary, nusgalyk göreldesi hemmeleri asylly işlere ugrukdyrýar. Halkymyzyň: «Sanasaň sogaby bar» diýen pähimi ýagşylyk getirýän,  bagta eltýän keramatly zatlar babatda aýdylýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Hak iş etseň Hak biler» diýip nesihat edişi ýaly,  döwlet Baştutanymyzyň beýik işlerini sanamakda hem ykbalymyza, ojagymyza nur-bereket berýän keramat bar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda öňe süren «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly döwlet ideologiýasy parahatçylykly ösüşde täzeçilliklere we netijeli üstünliklere badalga boldy.  Hut şonuň netijesinde hem ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda her günde halkara derejesindäki öňegidişlikleri getirýän tutuş dünýä ähmiýetli üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy»  atly eserindäki: «Taryh beýik işler bilen ýazylýar. Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar» diýen çuňňur paýhasa ýugrulan manyly setirlerini hakydaňda janlandyrýar. Şol pursatda halkymyzyň bagty hem sapaly durmuşy hormatly Prezidentimiziň yhlas-alada

Buýsançnama

Oguzkent — Yzgandyň ruhy, tutumlarna medetkärdir,Oguz bilen tanaýarys bu gadymy mekany biz!Merdanalyk, edeplilik emer-damarynda bardyr,Kalby gowy zady görýär, ýüregi-de ýagşa ýardyr,Watan — başlarmyzyň täji, milli mertebe — janymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz — şanymyz!Halkyň milli buýsançlaryn taryhy dördi, idedi,Gahryman Arkadagymyz — türkmeniň Milli Lideri,Asly merdiň — nesli kämil. Kämillik dünýäň küýsegi,Kämillikleň kuýaşyndan bagt nury çogýar didede.