Baýramlaryň naýbaşysy, Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Garaşsyzlyk baýramy ýetip geldi. Baýramçylygy mynasyp garşylamak üçin her bir ulgamda uly üstünlikleri gazanmak üçin ýörite meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar.
Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary ýogy 33 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilip, şu günki ösüşlerimiziň we üstünliklerimiziň binýady berkden tutuldy. Gysga döwürde gazanylan syýasy, ykdysady ösüşler, medeni-durmuş özgertmeleri raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrdy, gurýan we özgerýän döwletimiziň güýç-kuwwatyny artdyryp, berkararlygyny pugtalandyrdy.