Käbäme sowgat

19 sagat öň
28

(Şahyrana oýlanma)

Salam, eje! Galamy elime alan ilkinji günümden sen hakda ýazyp başlasym geldi. Sebäbi sen meni bu asuda, parahat dünýä indiren mähriban ynsan. Ömür örküm, dünýä görküm sen. Alys ýola ugramda, ýoluma intizar gözleriň bilen garap oturýarsyň. Dertli günüm dertdeşim, şirin duýgularyma syrdaşym sen, käbäm! Käbäm, meniň saňa meňzäsim gelýär! Käwagtlar oturyp tikin tikýärin, soňam nahar bişirýärin.

Amantäç HOJAMEDOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.